Awazada dynç alşy guramak üçin Dolandyryş merkezi döredildi

  • 16.05.2021 14:09
  • 14k+

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyz üçin dynç alşy bökdençsiz guramak, ilat arasynda düşündiriş we wagyz-nesihat çärelerini geçirmek maksady bilen,  Dolandyryş merkezi döredildi. Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Dolandyryş merkeziniň Düzgünnamasyny taýýarlamak we degişli tertipde bellige aldyrmak tabşyryldy. 

Balkan welaýatynyň häkimligine degişli ministrlikler we ugurdaş edaralar bilen bilelikde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda 2021-nji ýylyň 1nji iýunyndan 1-nji sentýabry aralygynda dynç alşy üpjün etmek tabşyryldy.

Anna güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa ýüzlenip, Dolandyryş merkeziniň Awazada ýerleşdiriljek ýerini kesgitlemegi, onuň düzümini tassyklamagy we orunbasar bellemegi tabşyrdy. Bu merkeze ministriň özi ýolbaşçylyk eder. Şeýle hem raýatlarymyzyň howpsuz dynç almagyny üpjün etmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak we tassyklamak üçin hödürlemek tabşyryldy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli ministrlikleri we pudak edaralary zolagyň çäginde ýerleşýän myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almaga isleg bildirýän raýatlara ýollamanamany bermeli diýip, türkmen Lideri nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, syýahatçylyk zolagyndaky deňiz suwuny süýjediji desgada işleriň gije-gündiz alnyp barylmagyny we desganyň goragyny bellenen tertipde güýçlendirilen düzgüne laýyklykda üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Bu ýerdäki myhmanhanalar özlerine degişli bolan ministrlikler we pudak edaralary ýollamanamasy resmileşdirilen raýatlaryň elektron sanawyny Dolandyryş merkezine we Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna gündelik ibermegi üpjün etmelidir diýip, döwlet Baştutany nygtady. Raýatlary öz wagtynda zolakdaky myhmanhanalara bron esasynda ýerleşdirmek maksady bilen, bu baradaky maglumatlary web sahypasynda barlamak mümkinçiligini ýola goýmaly diýip, tûrkmen Lideri aýtdy.

Dolandyryş merkezinde jemlenýän maglumat-hasabatlar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýerleşýän Baş dolandyryş merkezine iberilmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we arassaçylygy üpjün etmek boýunça işleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezowa ýüzlenip, zolagyň çäginde döredilen gözegçilik-geçiriş ýerinde beýleki ygtyýarly edaralaryň wekilleri bilen bilelikde gije-gündiz nobatçylyk etmek üçin jogapkär wekili bellemek barada görkezme berdi. Şeýle hem gözegçilik-geçiriş ýerinde zolakda işlemek we dynç almak üçin barýan raýatlaryň resminamalaryny ygtyýarlyklaryň çäginde gözden geçirmek, hasabatyny ýöretmek, Aşgabat şäherinden we welaýatlardan zolaga gelýän raýatlaryň bellige alynmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy.

Içeri işler ministri M.Çakyýewe welaýatlardan gelen we zolakda ýerleşen desgalarda işleýän işgärlere wagtlaýyn rugsatnama berlende, olardan Döwlet migrasiýa gullugynyň degişli edaralary tarapyndan resmileşdirilýän bellige alyş şahadatnamasyny talap etmek tabşyryldy.

Syýahatçylyk zolagyna girilýän ýerdäki gözegçilik nokadynda polisiýanyň ýol gözegçiligi we jemgyýetçilik howpsuzlygy gulluklarynyň işgärleriniň gije-gündiz nobatçylygyny guramak, ulag serişdeleriniň diňe ýörite niýetlenen ýerlerde durmagyny üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Jemgyýetçilik tertip-düzgünini we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, bu ýerde gurnalan wideogözegçilik ulgamyndan netijeli peýdalanmak wajypdyr diýip, türkmen Lideri aýtdy.

düýn 10:10
3.8k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

düýn 09:29
3.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

23.06.2026 22:06
909

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

23.06.2026 20:58
8.6k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....