Talyplar üçin iň gowy smartfonlar mälim edildi

  • 08.05.2021 14:45
  • 19k+

​"Gizchina" neşiri öz awtorlarynyň garaýyşlaryna esaslanyp, talyplar üçin iň gowy smartfonlar barada material çap etdi. Onda iň gowy oýun smartfony diýen ýaly birnäçe kategoriýany öz içine alýan ýörite sanaw getirilýär. Bu barada msn.com habar berýär.

Telefonda oýun oýnamagy halaýan talyplar üçin iň gowy smartfon diýlip, "Lenovo Legion 2 Pro" saýlanyldy. Bu enjamda Snapdragon 888 flagman prosessory işleýär, onda sowadyş ulgamy hem bolup, öndürijilik synagynda netijeliligi 855,004 bala barabar boldy. Bu smartfonyň ýene bir aýratynlygy - onda 5500 mAh energiýa sygymly hem-de 90 Wt çalt zarýad bermäge ukyply akkumulýatoryň bolmagydyr. Mundan başga-da, "Redmi K40 Gaming Enhanced" smartfonyny hem talyplar üçin iň gowy oýun smartfonlarynyň sanawyna  goşuldy. “AnTuTu” bençmarkynda telefon 720,000-den hem ýokary bala eýe boldy.
​Şeýle-de talyplar üçin iň oňat ýygnalýan smartfon kategoriýasynda "Xiaomi MIX Fold" öňe saýlandy, kamerasy iň güýçli telefonlarynyň arasynda bolsa "Xiaomi Mi 11 Pro" we "ZTE Axon 30 Ultra" tapawutlandyryldy. Iň güýçli smartfonlar diýlip bolsa, "Xiaomi Mi 11 Ultra", "Sony Xperia 1 III" we "Realme GT Neo" yglan edildi.
Şular bilen birlikde, talyplar üçin arzan smartfonlar hem kesgitlendi. Olardan "Poco M2 Reloaded" we "Nokia G10" aýratyn tapawutlandyryldy.

düýn 23:54
713

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
772

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
570

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.4k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....