Dünýädäki iň uly uçar ikinji uçuşyny amala aşyrdy

  • 05.05.2021 13:45
  • 27k+

Stratolaunch aerokosmiki kompaniýasy ilkinji uçuşdan iki ýyl soň, dünýädäki iň uly uçaryň ikinji synag uçuşyny geçirdi. Uçar Kaliforniýadaky Mohawe aerokosmiki portundan asmana galdy. Ol üç sagadyň dowamynda dürli uçuş hereketlerini amala aşyrdy, şondan soň ýere üstünlikli gondy. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Arap we pars mifologiýasyndaky ägirt guşuň hormatyna atlandyrylan iň uly Roc uçary ilkinji gezek 2019-njy ýylyň aprel aýynda uçupdy. Şondan soň birnäçe ýyllap uçmady, esaslandyryjynyň ýogalmagy sebäpli, kompaniýa kyn ýagdaýa düşdi we taslamany togtatdy.
Iki fýuzelýažly uçaryň ganatynyň gerimi 117,3 metr bolup, bu ony dünýädäki iň uzyn ganatly uçara öwürýär. Deňeşdirmek üçin getirsek, Virgin Orbit tarapyndan kosmos uçuşlary üçin ulanylýan kämilleşdirilen Boeing 747 uçarynyň ganatynyň gerimi 64,3 metre deňdir. Ganatynyň uzynlygy boýunça ozalky rekord eýesi 1947-nji ýylyň Spruce Goose uçary bolupdy. Onuň ganatynyň uçlarynyň arasyndaky aralyk 97,5 metre ýetýärdi.
Roc-yň agramy 226,8 tonna. Synag uçuşynyň dowamynda ol iň ýokary 304 km/sag tizlige ýetip, 5182 metr belentlige galdy. Roc 10 km belentlikde uçmak üçin niýetlenýär. Ol howadan kosmiki enjamlary orbita uçurmakda peýdaly bolup biler.

şu gün 22:19
236

Gyrgyzystan bikanun ýaşaýan daşary ýurtlular üçin jerimeleri wagtlaýyn ýatyrýar

Gyrgyzystanda 2026-njy ýylyň 1-31-nji iýuly aralygynda migrasiýa düzgünlerini bozan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin wagtlaýyn «ýaşyl koridor» dörediler. Bu hakyndaky degişli permana......

şu gün 19:31
581

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

şu gün 15:52
6.6k+

Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär....

şu gün 12:00
2.9k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....