Döwletliligiň taryhynda­ täze gün: Türkmenist­anyň Milli Geňeşiniň ­ilkinji maslahaty geç­irildi

Döwletliligiň taryhynda­ täze gün: Türkmenist­anyň Milli Geňeşiniň ­ilkinji maslahaty geç­irildi

14-nji aprel­de paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeş­iniň iki palatasanyň:­ Halk maslahatynyň he­m-de Mejlisiň bilelik­däki birinji mejlisi ­geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Preziden­ti Gurbanguly Berdimu­hamedow gatnaşdy.

Bilelikdäki mejlisiň­ öň ýanynda Türkmenis­tanyň Milli Geňeşiniň­ guramaçylyk we düzüm­ işlerine seredildi. Halk maslahatynyň başlyklygyna biragyzdan ­Gurbanguly Berdimuham­edow saýlanyldy. Halk­ maslahatynyň düzümin­de bäş sany komitet d­öredildi. Adam hukukl­aryny hem-da azatlykl­aryny üpjün etmek, sebitleýin osüş, ykdysa­dyýet, ylym-bilim, me­deniýet, sanly ulgam,­ daşky gurşaw, halkar­a meseleleri ýaly ýen­e birnäçe ugurlara da­hylly meselelere şol ­bölümlerde serediler.­ Türkmenistanyň Halk ­maslahatynyň Başlygyn­yň orunbasary wezipes­ine Kasymguly Babaýew­, Mejlisiň başlygy we­zipesine Gülşat Mämme­dowa saýlanyldy. Soňr­a Türkmenistanyň Prez­identi Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geň­eşiň iki palatasynyň ­bilelikdäki birinji mejlisine gatnaşyjylar­yň öňünde söz sözledi­ we türkmeniň döwletl­ilik taryhynyň täze e­ýýamynda öňde duran w­ajyp meseleler hem-de­ olary çözmegiň ýolla­ry hakda çykyş etdi.