«Borat – 2» «Oskar» baýragynda Ginnesiň rekordyny täzeledi

  • 02.04.2021 16:47
  • 12k+

Hatda kinoteatrlarda ekrana çykman, «Borat» komediýasynyň dowamy iň uzyn ady bolan «Oskar» baýragyna dalaşgär hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Bu barada kinobusiness.com habar berýär.

Onuň 110 harpdan ybarat bolan doly asyl ady şeýledir: «Borat Subsequent Moviefilm: Delivery of Prodigious Bribe to American Regime for Make Benefit Once Glorious Nation of Kazakhstan». Muny «Borat hakynda indiki film: Gazagystanyň şöhratly halkyndan peýda almak üçin amerikan režimine uly para bermek» görnüşinde terjime etmek bolar. Komediýa lentasy iň gowy adaptirlenen ssenariýa we ikinji plandaky iň gowy aktrisa (Mariýa Bakalowa) üçin «Oskara» iki nominasiýa aldy. Şeýlelik bilen, komediýa oskar ýaryşynyň taryhynda iň uzyn ady bolan film hökmünde dünýä rekordyny goýdy.
85 harply ady bilen ozalky rekord eýesi 1965-nji ýylyň «Those Magnificent Men in Their Flying Machines or How I Flew from London to Paris in 25 hours 11 minutes» («Bu ajaýyp adamlar özleriniň uçýan enjamlarynda ýa-da 25 sagat 11 minutda Londondan Pariže nähili uçdum») komediýasy bolupdy. Bu kartina iň gowy ssenariýa üçin «Oskara» hödürlenipdi. Ol «Howa başdan geçirmeleri» ady bilen bellidir.

düýn 23:54
729

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
772

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
570

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.4k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....