Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandy

  • 30.03.2021 11:21
  • 20k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandy. Mejlisiň Başlygynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow üçin saýlawçylaryň ýüz göterimi ses berdi.

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Hökümet mejlisiniň barşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 28-nji martda geçirilen ilkinji saýlawlarynyň netijeleri barada giňişleýin habar berdi.
Ses bermeleriň netijelerine laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. Ähli welaýatlarda we paýtagtymyzda saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine pugta laýyklykda geçirilendigi tassyklanyldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna saýlaw toparlarynda ses bermegiň netijeleri hakyndaky teswirnamanyň esasynda Türkmenistan boýunça jemi 48 adam — her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8 adam saýlanyldy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň umumy sanynyň 27 göterimini zenanlar düzýär.
Milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmegi ýurdumyzyň yzygiderli ösüşi hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň netijeli işini ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döreder.

düýn 23:54
1k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
1.1k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
841

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....