Gazagystanly DJ "Gremmi" baýragyny aldy

  • 17.03.2021 20:03
  • 11k+

Gazagystanly DJ Imanbek Zeýkenow "Ýylyň iň gowy remiksi" ugry boýunça "Gremmi" baýragyny aldy. Baýrak oňa repçi Saint Jhn-yň "Roses" kompozisiýasyny gaýtadan işländigi üçin berildi. Bu barada baýragyň resmi web sahypasyna salgylanyp, Interfax habar berdi.

"Kiçijik" nominasiýalarda ýeňijilere berilýän baýraklar esasy 63-nji Grammy baýraklaryndan öň gowşuryldy.
Amerikaly repçi Sent Jhn-yň "Roses" aýdymy 2016-njy ýylda çykdy we ünsden düşürildi. Gazagystanly sazanda Imanbek Zeýkenow aýdymyň tans remiksini döretdi, remiks YouTube-da millionlarça gezek tomaşa edildi, “Shazam” dünýä çartyna we Amerikanyň “Billboard” çartyna girdi. Zeýkenow üstünlik gazanandan soň, Russiýanyň “Effective Records” ses ýazgy kompaniýasy onuň bilen şertnama baglaşdy.
Imanbek "Gremmi" baýragyny alan ilkinji gazagystanly boldy.

şu gün 00:07
917

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
666

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
1.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
984

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....