Bütindünýä söwda guramasynyň baş direktory wezipesine ilkinji gezek zenan maşgala saýlanyldy

  • 16.02.2021 19:02
  • 13k+

Nigeriýaly ykdysatçy Ngozi Okonji-Iweala Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) baş direktory wezipesine bellendi. Ol bu wezipäni eýelän ilkinji zenan maşgala we ilkinji afrikaly boldy. Hanym Okonjo-Iweala ýörite umumy ýygnakda BSG-niň ýolbaşçysy hökmünde tassyklandy. Bu barada guramanyň resmi saýty habar berýär.

Ol wezipesine 1-nji martdan girişer we guramanyň ýedinji baş direktory bolar. Ngozi Okonjo-Iwealanyň ygtyýarlyk möhleti 2025-nji ýylyň 31-nji awgustynda tamamlanar. 
Okonjo-Iweala bu wezipede esasy maksadynyň ykdysadyýetde we saglygy goraýyş pudagynda COVID-19 pandemiýasynyň ýetiren täsirlerini çalt ýok etmek boýunça işleriň boljakdygyny aýtdy.
Hanym Okonjo-Iweala 1982-2003-nji we 2007-2011-nji ýyllarda Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylygynda jogapkär wezipelerde işledi. 2003-2006-njy we 2011-2015-nji ýyllarda Nigeriýanyň Maliýe ministrligine ýolbaşçylyk etdi (2006-njy ýylda bir wagtda DIM-iň başlygy). Soňky wagtlar Ngozi Okonjo-Iweala Sanjymlar we immunizasiýa boýunça global birleşigiň edarasynyň başlygy, Ykdysadyýet we klimat boýunça global komissiýanyň egindeş başlygy bolup işledi.
Täze baş direktory saýlamak işi 14-nji maýda, Robertu Azewedu BSG-niň agzalaryna ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmazyndan bir ýyl öň BSG-niň ýolbaşçysy wezipesinden çekiljekdigini aýdanynda başlady. 31-nji awgustda ol wezipesinden gitdi.

şu gün 16:55
1.5k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

şu gün 15:06
1k+

Ryanair awiakompaniýasy ene-atalara çagalarynyň ýanynda mugt oturmaga rugsat berdi

Irlandiýanyň Ryanair awiakompaniýasy Beýik Britaniýanyň Bäsdeşlik we bazarlar boýunça edarasynyň (CMA) derňew işine başlamagyndan soň, uçaryň bortunda maşgala agzalaryny oturtmagyň düzgünlerini üýtgetdi.......

şu gün 14:59
1.2k+

Mercedes-Benz işgärlerine sylag pullaryny bermegi yza süýşürmekçi we iş hepdesini uzaltmakçy

«Mercedes-Benz» işgärlere sylag pullaryny (premiýalaryny) geljek ýyla çenli yza süýşürmek kararyna geldi we goşmaça tölegsiz iş hepdesiniň dowamlylygyny artdyrmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýar. Bu......

şu gün 10:00
3.1k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......