Bir günde 13,5 mlrd dollar ýitgi: Mask ýene-de ikinji ýere düşdi

Bir günde 13,5 mlrd dollar ýitgi: Mask ýene-de ikinji ýere düşdi

SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask “Forbes” žurnalynyň dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde liderligini ýitirdi. Bu barada abnews.ru habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygy bir günde 13,5 mlrd kemelip, 176,2 mlrd dollara barabar boldy. Netijede, ol birinji orny Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezosa berip, ikinji orna düşdi. Jeff Bezosyň baýlygy 182,1 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.
Bir gün öň ABŞ-nyň esasy gazna indeksleri pese düşdi, netijede Tesla paýnamalary 7,8 göterim, ýagny 811,19 dollara çenli arzanlady.
Dünýäniň iň baý adamlarynyň bäşligine 154,6 mlrd dollar baýlygy bilen Louis Vuitton Moet Hennessy kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno, Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýts (121,4 mlrd dollar) we 94 mlrd dollar baýlygy bilen Facebook-yň esaslandyryjysy Mark Sukerberg girdi. 
Şol bir wagtyň özünde BBI Maskyň baýlygyny 194 mlrd dollar (bir günde azalma 15,6 mlrd), Bezosyň baýlygyny 183 mlrd dollar bilen (azalma 3,65 mlrd) bahalandyrdy, telekeçiler reýtingde, degişlilikde, birinji we ikinji orunlary eýelediler.