Türkmenistanda jemi içerki önüm Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitinden 1,5 esse ýokary boldy

  • 03.11.2020 17:59
  • 9.3k+

Pandemiýa dünýä ykdysadyýetine we ýaşaýyş derejesine ýaramaz täsir edýär. Bu ýagdaý makroykdysady görkezijilerde öz beýanyny tapýar. Makroykdysady görkezijileriň iň möhümi adam başyna düşýän jemi içerki önümdir (JIÖ), ýagny belli bir döwürde aýry-aýry ýurtlarda we sebitlerde ykdysady işjeňligiň we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň görkezijisidir. Ol milli jemi içerki önümi ýaşaýjylaryň sanyna bölmek arkaly kesgitlenýär.

Halkara pul gaznasynyň (HPG) hasabatyna görä, 2020-nji ýylda ilatyň ortaça girdejisiniň görkezijisi hasaplanýan adam başyna düşýän jemi içerki önüm dünýäde 10,95 müň dollara, ösen ýurtlarda - 46,35 müň dollara, ösüp barýan we ösýän ýurtlarda - 5,17 müň dollara barabar boldy. Bu barada ORIENT habar berýär.
Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitinde bu görkeziji birneme pes - ýagny 4,81 müň dollar, ýöne ol sebitiň ýurtlarynyň her biri üçin aýratynlykda juda tapawutly sanlardan ybarat boldy.
Şeýlelik bilen, Gazagystanyň adam başyna düşýän jemi içerki önümi 8,78 müň dollar boldy, ondan soň 8,07 müň dollar görkeziji bilen Türkmenistan we 1,76 müň dollar görkezijili Özbegistan, Gyrgyzystan (1,15 müň dollar) we Täjigistan (833,55 dollar) ýaly ýurtlar gelýär.
Deňeşdirmek üçin iň ýakyn iri ykdysadyýet hökmünde Russiýanyň 9,97 müň dollarlyk görkezijisini mysal getirmek bolar.
Şu maglumatlardan görnüşi ýaly, adam başyna düşýän jemi içerki önüm nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň görkezijisi Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti boýunça umumy görkezijiden bir ýarym esse ýokary we ol Merkezi Aziýanyň ýakyn geljekde dünýä derejesine ýetmek üçin hakyky mümkinçilige eýe bolan ýurtlaryň bäşliginde öňdebaryjy hasaplanýar.
2020-nji ýylyň ahyryna çenli ýurtda jemi içerki önümiň 5,8% ýokarlanmagyny we indiki ýyl üçin döwlet býujetiniň 6,2% ösüş gazanjakdygyny göz öňünde tutsak, degişlilikde adam başyna düşýän jemi içerki önümiň hem ýokarlanmagyna bil baglap bolar.
Garaşylýan ykdysady ösüşe we döwletiň sosial borçnamalaryna esaslanyp, öňümizdäki ýylda Türkmenistanda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň mukdaryny 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 15:32
5.4k+

FT: Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar

Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär....

düýn 09:02
1.1k+

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

28.06.2026 15:48
5.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......