Hytaýyň taryhynda ýedinji ilat ýazuwy başlandy

  • 03.11.2020 17:40
  • 9.9k+

Hytaýda ýurduň taryhynda ýedinji ilat ýazuwy başlandy diýip, RIA Nowosti habar berýär. Muny gazeta.ru belläp geçýär.

Ilat ýazuwyna jemi 7 mln işgär gatnaşar. Ol 10-njy dekabrda tamamlanar.
Her bir işgär 250 töweregi adamy hasaba almaly. Ilat ýazuwyna Hytaý yklymynyň, şeýle-de Gonkongyň, Makaonyň we Taýwanyň ýaşaýjylary girer. Daşary ýurtlarda bar bolan HHR-iň raýatlary hem göz öňünde tutular.
Mundan başga-da, ilat ýazuwy Hytaýda hemişelik esasda ýaşaýan daşary ýurtlulara täsir eder. Bu işiň çäginde diňe bir Hytaýyň ilatynyň umumy sanyny anyklamak däl, eýsem ýurduň çäginde ýaşaýan adamlaryň jyns gatnaşygy, işi, bilimi, ýaşy barada maglumatlary ýygnamak hem meýilleşdirilýär.
Hytaýda ilkinji ilat ýazuwy 1953-nji ýylda geçirildi. Şonda ýurtda 600 milliondan gowrak ýaşaýjy hasaba alyndy. 2019-njy ýylyň ahyrynda ýörite administratiw sebitleri hasaba almazdan HHR-iň ilatynyň 1,4 mlrd adamdan geçendigi bellige alyndy.
Iýulda halkara alymlar topary dünýä ilatynyň köpeljekdigini çakladylar. Hasaplamalara görä, ilat sany 2064-nji ýylda iň ýokary derejesine ýeter we 2100-nji ýyla çenli 8,8 milliarda çenli pese düşer.

düýn 23:54
729

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
772

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
570

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.4k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....