Koronawirus pandemiýasy dünýä syýahatçylygyna täsirini ýetirmegi dowam etdirýär

  • 29.10.2020 08:00
  • 8.4k+

Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) hasabatyna görä, 2020-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda halkara syýahatçylyk pudagynyň ýitgisi $730 milliarda barabar boldy. Bu barada vedomosti.ru habar berýär.

Gurama munuň 2009-njy ýyldaky global we ykdysady çökgünlik döwründe pudagyň çeken ýitgilerinden sekiz esse köpdügini belleýär. Guramanyň maglumatlaryna görä, ýanwar-awgust aýlary aralygynda halkara gatnawlaryň sany 70% azaldy. Iýul we awgust aýlarynda gatnawlaryň sanynyň pese gaçyşy degişlilikde, 81% we 79%-e barabar boldy. Guramanyň baş sekretary Zuran Pololikaşwili şeýle pese gaçyşyň sosial we ykdysady netijelere eýedigini, onuň millionlarça iş orunlaryna we guramalara howp salýandygyny aýdýar. “Bu syýahatçylygyň howpsuz, öz wagtynda we utgaşykly ýagdaýda dikeldilmeginiň zerurdygyny görkezýär” – diýip, Pololikaşwili belleýär.
2020-nji ýylyň sekiz aýynda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde syýahatçylaryň sany 79%, Afrikada we Ýakyn Gündogarda 69%, Ýewropada 68%, Amerikada 65% azaldy.
Guramanyň hünärmenler topary halkara syýahatçylygyna bolan islegiň 2021-nji ýylyň III çärýeginde dikelmegine garaşýar, ýöne analitikleriň 20%-i halkara syýahatçylyk 2022-nji ýylda dikeler diýip çaklaýarlar. UNWTO syýahatçylyk çäklendirmelerini, wirusyň öňüniň haýal alynmagyny we sarp edijileriň pes ynamyny halkara syýahatçylygyň dikeldilmegine esasy päsgelçilik hökmünde görkezdi.
2019-njy ýylda Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tutuş dünýä boýunça 1,5 milliard halkara syýahatçylyk gatnawlaryny hasaba alypdy.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......