Louis Vuitton-yň ýolbaşçysy iň baý adamlaryň reýtinginde ikinji orny eýeledi

  • 26.10.2020 08:35
  • 9.2k+

Louis Vuitton Moet Hennessy (LVMH) kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno bir hepdede (15-den 22-nji oktýabr aralygynda) özüniň baýlygyny $8 mlrd ýokarlandyrdy diýip, “Forbes” žurnaly habar berýär. Muny REGNUM agentligi ýetirýär.

Oktýabrda Louis Vuitton täze koronawirus ýokanjyndan soň gözellik harytlarynyň dünýä bazarynda dikelişiniň başlanandygyny görkezýän hasabaty neşir etdi. Bu habar LVMH-iň paýnama bahasynyň ösmegine getirdi. Bir hepdede paýnamalar 6% gymmatlady.
Muňa garamazdan, 15-nji oktýabrda LVMH holdingi şu ýylyň dokuz aýynda girdejiniň 21% pese gaçandygyny habar berdi. Onuň kosmetika, içgiler we şaý-sep önümleri bilen meşgullanýan kärhanalary şu ýylyň üçünji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, girdejiniň has pes bolandygyny habar berdiler. Şol bir wagtda kompaniýanyň iň uly bölümi bolan moda biznesi 12% ösüş görkezdi.
24-nji oktýabra çenli Bernar Arnonyň umumy baýlygy 122 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Netijede, Arno “Forbes” tarapyndan düzülýän dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde ikinji orny eýeledi. Häzirki wagtda reýtingde birinji orny $188,6 mlrd baýlygy bilen Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos eýeleýär. Üçünji orunda Microsoft korporasiýasynyň ozalky ýolbaşçysy Bill Geýts, dördünji orunda Facebook-y esaslandyryjy Mark Sukerberg, bäşinji orunda SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask ýerleşýär.

şu gün 20:25
1.4k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.5k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......