По инициативе Туркменистана при ООН создана Группа друзей нейтралитета

  • 29.08.2020 15:50
  • 6k+

Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynda Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen dabara 18 ýurt, şol sanda Russiýa, Hytaý, Özbegistan, Pakistan, Müsür, Katar, Eýran, Irlandiýa, Kosta Rika we beýlekiler gatnaşdylar. Bu barada Sinhua habarlar agentligine salgylanyp, REGNUM habar berýär.

Bellenilişi ýaly, dabarada hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň BMG-däki hemişelik wekiliniň orunbasary Geng Şuang wekilçilik etdi. Ol öz çykyşynda ilkinji nobatda dünýä jemgyýetçiliginiň ähli agzalaryna täsir edýän koronawirus epidemiýasy şertlerinde utgaşdyrmagyň ähmiýetini belledi. Bu şertlerde diplomat käbir ýurtlar tarapyndan ulanylýan birtaraplaýyn çemeleşmeleriň, proteksionizmiň, sanksiýa režimleriniň we ş.m. tejribesini tankytlady. Munuň tersine, gatnaşyjylaryň üns merkezinde durýan, bitaraplyk ýörelgelerine we syýasatlaryna doly laýyk gelýän raýdaşlygy we özara gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini aýtdy.
Geng Şuang Hytaýyň pozisiýasy barada durup geçip, öz ýurdunyň köptaraplylyk, parahatçylygy goramak we ösüşe goldaw bermek ýörelgelere ygrarlydygyny nygtady. Hytaýyň ähli gyzyklanýan taraplar bilen şu we beýleki formatlarda iň giň gerimli hyzmatdaşlyga taýýardygyna ynandyrdy.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

сегодня 14:01
941

ЮНЕСКО приняла Ашхабад в Глобальную сеть обучающихся городов

Ашхабад принят в Глобальную сеть обучающихся городов ЮНЕСКО. 7 декабря в хякимлике столицы состоялась церемония вручения соответствующего Сертификата, сообщает TDH. Решение о включении Ашхабада в состав Сети было принято 4 декабря 2025 года...

сегодня 13:52
2.2k+

Сердар Бердымухамедов наградил государственных деятелей Туркменистана юбилейной медалью

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов подписал указ о награждении юбилейной медалью «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» (К 30-летию Нейтралитета Туркменистана) высших должностных лиц страны. Награды...

сегодня 13:36
2.9k+

Президент Туркменистана наградил руководителей силовых структур юбилейной медалью

Президент Туркменистана, верховный главнокомандующий Вооружёнными Силами страны Сердар Бердымухамедов подписал указ о награждении руководителей военных и правоохранительных органов юбилейной медалью «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» (К 30-летию Нейтралитета Туркменистана)...