Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde koronawirusa garşy göreş boýunça başlangyçlary öňe sürer

  • 23.08.2020 23:39
  • 6.9k+

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýetip gelýän 75-nji mejlisinde Türkmenistan COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly birnäçe başlangyçlary öňe sürer. Bu barada Türkmenistanyň bu mejlisde ileri tutulýan garaýyşlarynda beýan edilýär.

Hususan-da, türkmen wekiliýeti koronawirusyň genini öwrenmek boýunça BSGG-niň Ýörite programmasyny işläp düzmegi teklip eder. Bu programma keselleri bejermegiň iň täsirli usullaryny kesgitlemek üçin koronawirus ýokançlygynyň etiologiýasyny öwrenmäge gönükdirilendir, şeýle hem wirusyň ýokuşmagynyň ýollary we onuň mutasiýasy baradaky soraglary aýdyňlaşdyrmaga kömek eder. Şeýle hem Aşgabat öýken sowuklamasyna garşy göreşde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň köptaraplaýyn guralyny döretmegi teklip eder, onuň esasy wezipesi BSGG-niň howandarlygynda ýokanjyň täze görnüşiniň döredýän keselleriniň mälim bolmadyk ýüze çykmalaryny öwrenmekden ybarat bolar. Mundan başga-da, ýiti ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Usulyýet merkezini döretmek teklip ediler.

"Türkmenistan adamlara ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek, netijeli bejermek we adam ömrüni halas etmek maksady bilen, ýokarda agzalan başlangyçlary durmuşa geçirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlarynyň we BMG ulgamynyň ýöriteleşdirilen guramalarynyň goldawyna bil baglaýar" diýlip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde ileri tutýan garaýyşlarynda aýdylýar.

Dünýädäki koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly, BMG-nyň her ýyl Nýu-Ýorkda geçirilýän mejlisiniň görnüşi üýtgediler. Döwlet Baştutanlary, kadadan çykma hökmünde, şu ýyl mejlise ýazga alnan wideo çykyşlaryny iberip bilerler.

düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......