Türkmenistan BMG-ä durnukly halkara ulag gatnawy boýunça Kararnamanyň taslamasyny hödürlär

  • 23.08.2020 23:54
  • 8.9k+

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly halkara ulag gatnawyny üpjün etmek boýunça çäreleri kabul etmek başlangyjy bilen çykyş eder.
Aşgabat halkara ulag gatnawy ýaly möhüm ugurda halkara jemgyýetçiliginiň jebis çemeleşmeleriniň zerurdygyna ynanýar.

“Türkmenistan durnukly we howpsuz ulaglar meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we berkitmek hereketleriniň täsirinde hereket edýän ýurt hökmünde adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly halkara ulag gatnawyny üpjün etmek meselelerine giňişleýin we köptaraplaýyn garamak başlangyjy bilen çykyş edýär" — diýlip, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýakyn günlerde geçiriljek mejlisinde ileri tutulýan garaýyşlarynda aýdylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak Kararnamanyň taslamasyny taýýarlady we ony Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň garamagyna hödürlär.

düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......