Türkmenistan bitaraplygyň dünýädäki ornuny güýçlendirmek boýunça birnäçe Kararnamalary teklip eder

  • 23.08.2020 23:45
  • 6.1k+

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde bitaraplygyň ornuny güýçlendirmek boýunça birnäçe kararnamalary kabul etmegi teklip eder. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine Başlygyň orunbasary hökmünde gatnaşjak Türkmenistanyň bu mejlisde ileri tutýan garaýyşlarynda aýdylýar.

Resminamada syýasy-hukuk derejesi hökmünde bitaraplygyň mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin halkara hukuk esaslaryny giňeltmek maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» Kararnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy nygtalýar.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmegi meýilleşdirýär, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletlerini, şeýle hem halkara guramalary bu geljegi uly köptaraplaýyn meýdançanyň çäginde gepleşiklere goşulyşmaga çagyrýar.
Baş Assambleýanyň ýetip gelýän mejlisinde Türkmenistan Halkara meseleleri kadalaşdyrmakda bitaraplygyň ýörelgelerini netijeli peýdalanmak boýunça BMG-niň Kadalar toplumyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işi dowam eder. Mundan başga-da, Aşgabat BMG-niň Baş Assambleýasynyň "Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň orny" Kararnamasyny kabul etmegi teklip edýär, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň Baş Assambleýanyň "Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak" atly Kararnamasynyň taslamasynyň toparlaýyn hödürlenilmeginiň zerurdygyny belleýär.

"Ýokarda agzalan resminamalara köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özüniň netijeliligini görkezen gurallaryny, hususan-da, Öňüni alyş diplomatiýa akademiýasynyň we Merkezi Aziýanyň bilermenler forumynyň edara edilmegi boýunça tekliplerini girizmegiň wagty diýip hasap edýäris" — diýlip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde ileri tutýan garaýyşlarynda aýdylýar.

düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......