Türkiýe ýylyň ahyryna çenli 15 mln daşary ýurt syýahatçylaryna garaşýar

  • 25.08.2020 14:31
  • 12k+

Türkiýäniň hökümeti şu ýylyň ahyryna çenli ýurda 15 mln daşary ýurt syýahatçylarynyň gelmegine, syýahatçylyk gurşawyndan girdejileriň bolsa, 11 mlrd dollara barabar bolmagyna garaşýar. Bu barada NTV teleýaýlymynyň efirinde Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý mälim etdi. Muny ren.tv habar berýär.

Türk çinownigi iýulyň ahyryna çenli Türkiýä 6,5 mln syýahatçynyň gelendigini habar berdi. Olaryň hatarynda daşary ýurtlarda ýaşaýan 1,2 mln töweregi türk raýatlary hem bar. Nuri Ersoý koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy sebäpli giç başlanylmagy bilen baglylykda syýahatçylyk möwsüminiň ýurtda uzaldyljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.
Onuň aýtmagyna görä, şeýle ýagdaýda syýahatçylykdan girdeji $11 milliarda barabar bolup biler.

“1-nji iýundan syýahatçylyk pudagy dolanyşyga girip başlady, Russiýa, Ukraina, Beýik Britaniýa we Germaniýa bilen awiagatnaşyklar dikeldildi. Biziň 2020-nji ýylda syýahatçylaryň sany boýunça garaşan netijämiz ýokarydy, ýöne pandemiýa muňa täsir etdi, netijede biz 2019-njy ýyldakydan az myhman kabul ederis. Ýöne, garaşylyşy ýaly, 2021-nji ýyl muňa garanda has gowy bolar” – diýip, Ersoý aýdýar.

Geçen ýyl Türkiýä 45 mln daşary ýurt syýahatçylary bardy. Bu 2018-nji ýyldaky derejeden 14,11% ýokary geçdi.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......