Koronawirusa garşy Oksford sanjymy Russiýada synagdan geçiriler

  • 22.08.2020 16:19
  • 15k+

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi AstraZeneca britan-şwed farmaseptik kompaniýasyna (Oksford uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde koronawirusa garşy sanjymy taýýarlaýar) serişdesiniň kliniki synaglarynyň üçünji, jemleýji tapgyryny Russiýada geçirmäge rugsat berdi. Bu barada Reýter agentligine salgylanyp, kommersant.ru ýetirýär.

«Kliniki barlaglaryň maksady — uly adamlarda COVID-19 täze koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin AZD1222 serişdesiniň immun jogabyny döredijiligini we howpsuzlygyny bahalandyrmak» — diýlip, kliniki barlaglary geçirmäge rugsat hatynyň rus ýazgysynda aýdylýar.

Barlaglara 150 adam gatnaşar. Olary Moskwada we Sankt-Peterburgda dört sany lukmançylyk edarasy, şol sanda RF-iň Saglygy goraýyş ministrliginiň Smorodinsew adyndaky dümewiň ylmy-barlag instituty we Akademik Pawlow adyndaky Birinji Sankt-Peterburg döwlet lukmançylyk uniwersiteti geçirer.
Öň, «R-Farm» rus farmaseptik kompaniýasy AstraZeneca bilen COVID-19-a garşy Oksford sanjymynyň önümçiligi we üpjünçiligi barada gepleşdi. Häzir dünýäde bir sanjym — Gamaleýa adyndaky merkeziň taýýarlan «Sputnik V» sanjymy bellige alyndy. Ol 11-nji awgustda bellige alnypdy. Onuň kliniki synaglary heniz tamamlananok.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

11.05.2026 23:10
2.5k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.8k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.5k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....