AstraZeneca Ýaponiýa koronawirusa garşy sanjymyň 120 mln dozasyny berer

  • 08.08.2020 08:46
  • 13k+

Ýaponiýanyň hökümeti AstraZeneca britan-şwed farmasewtik kompaniýasy bilen koronawirusa garşy sanjym bilen üpjün etmek barada ylalaşyk gazandy. Bu barada Ýaponiýanyň saglygy goraýyş, zähmet we maddy üpjünçilik ministrligi habar berdi. Muny rossaprimavera.ru ýetirýär.

Şertnama boýunça, AstraZeneca sanjym üstünlikli bolan ýagdaýynda Ýaponiýany 120 mln doza bilen üpjün eder. Bu möçberiň dörtden bir böleginiň eýýäm 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde tabşyrylmagy mümkin.
31-nji iýulda Ýaponiýanyň hökümeti Pfizer amerikan kompaniýasy bilen hem koronawirusa garşy sanjym üstünlikli bolan ýagdaýynda ýurdy 60 mln doza bilen üpjün etmek barada şertnama baglanyşdy.
Ýaponiýada koronawirusa garşy sanjymy taýýarlamak bilen Anges Inc kompaniýasy meşgullanýar. Iýunda ol özüniň serişdesiniň birinji kliniki synaglaryny adamlarda geçirmäge rugsat aldy.
Ýatlap geçsek, AstraZeneca iňlis-şwed farmasewtik kompaniýasy Beýik Britaniýada bellige alyndy. 2020-nji ýylyň maýynda AstraZeneca ABŞ-nyň saglygy goraýyş we jemgyýetçilik hyzmatlary ministrliginden koronawirusa garşy sanjymy taýýarlamak işine $1 mlrd kabul etdi. Farmasewtik kompaniýa sanjymyň kliniki synaglaryny güýze çenli tamamlamagy meýilleşdirýär.
Belläp geçsek, AstraZeneca sanjym bilen üpjün etmek barada ABŞ, Beýik Britaniýa, Italiýa, Germaniýa, Fransiýa we Niderlandiýa bilen hem şertnama baglanyşdy.
Koronawirus pandemiýasynyň başlanan wagtyndan bäri dünýäde 19,1 mln töweregi adam keselledi, takmynan, 715 müň adam ýogaldy.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

düýn 18:05
1.6k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......