Immunitetiň koronawirusa garşy näçe wagt saklanýandygy mälim edildi

  • 12.08.2020 13:38
  • 21k+

COVID-19-a garşy goşa sanjym ulgamy uzak möhletli immunitetiň döremegine mümkinçilik berýär, wektor sanjymlaryny ulanmak tejribesi immunitetiň 2 ýyla çenli dowam edýändigini görkezýär. Bu barada Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

11-nji awgustda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligi akademik N.F. Gamaleýa adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa milli barlag merkezi tarapyndan işlenip düzülen täze koronawirus ýokançlygyna garşy öňüni alyş sanjymyna hasaba alyş şahadatnamasyny berdi.
Ilkibaşda «Gam-COVID-Wac», soňlugy bilen bolsa «Sputnik – V» adyny alan rus waksinasy adam adenowirusyna esaslanýan wektor sanjymy bolup, ol birnäçe haýwan görnüşinde howpsuzlyk we netijelilik babatda synaglardan geçdi. Soňra bolsa sanjym iki sany meýletinçiler toparynda synag edildi diýip, metbugat gullugy belleýär.

düýn 07:29
2.5k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.9k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......