Ýewropa ligasynyň ýarym final tapgyryna gatnaşjak toparlar belli boldy

  • 12.08.2020 13:27
  • 7.8k+

Ýewropa ligasy 2019/2020 möwsüminiň 1/2 final tapgyryna gatnaşjaklar belli boldy.

Duşenbe güni 1/4 final duşuşyklarynyň çäginde «Mançester Ýunaýted» 1:0 hasap bilen «Kopengagen» klubyndan üstün çykdy. Milanyň «Interi» bolsa lewerkuzeniň «Baýerini» 2:1 hasap bilen ýeňdi.
Sişenbe güni galan jübütleriň duşuşyklary geçirildi — «Sewilýa» «Wulwerhepmtony ýeňmegi başardy (1:0), Ukrainanyň «Şahtýory» bolsa «Bazelden» üstün çykdy (4:1).
Şeýlelikde, 16-njy awgustda ýarym final tapgyrynyň çäklerinde «Mançester Ýunaýted» «Sewilýa» bilen duşuşar, 17-nji awgustda bolsa «Inter» — «Şahtýor» duşuşygy bolar. Bu tapgyrda hem klublar bir duşuşygyň netijesinde ýeňijini kesgitlärler. Duşuşyklar Germaniýada geçiriler.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

düýn 23:49
827

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
1.4k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.8k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......