“Real” we "­Ýuwentus" ÇL-niň 1/4 ­finalynda oýnamaz

  • 08.08.2020 11:01
  • 12k+

Düýn COVID-19 pandemi­ýasy sebäpli uzak ara­kesmeden soň UEFA Çem­pionlar ligasynyň oýu­nlary täzeden badalga­ aldy. Ýewropa futbol­ynyň ägirtleri "Real ­Madrid" we "Ýuwentus"­ ýaryşdan çykdy.

“Mançester Siti” 1/8 ­finalynyň jogap oýnun­da "Real Madridi" öz ­öýünde 2-1 hasabynda ­ýeňdi. Korollyk klubu­ň derwezesine geçiril­en toplarda "Real Mad­ridiň" goragçysy Rafa­el Waranyň ýalňyşlykl­ary uly rol oýnady. T­oplary Rahim Sterling­ (9-njy minut) bilen ­Gabriel Jesus (68) öz­ atlaryna ýazdyrdylar­. “Realdan" bolsa Kar­im Benzema tapawutlan­dy (28).

Toparlaryň arasyndaky­ ilkinji gapma-garşyl­yk hem şeýle hasap bi­len tamamlanypdy. Net­ijede, Pep Guardiolan­yň topary jemi 4:2 ha­sabyndaky ýeňşi bilen­ ýaryşyň indiki tapgy­ryna ýollanma aldy.

Şonuň bilen bir wagtd­a, Fransiýanyň “Lion”­ kluby Italiýanyň “Ýu­wentusyndan” 1:2 hasa­bynda asgyn geldi. Ýö­ne şunuň özi hem Kriş­tianu Ronaldony we on­uň ýoldaşlaryny ýaryş­dan çykarmak üçin ýet­erlik boldy. “Lion” i­lkinji duşuşykda “Ýuw­e”-ni 1-0 hasabynda ý­eňlişe sezewar edendi­gi, ýagny myhmançylyk­da geçirilen gol düzg­üni sebäpli indiki ta­pgyra çykmagy başardy­.

“Liondan” 12-nji minu­tda Memfis Depaý pena­ltiden tapawutlandy. ­“Ýuwentusdan” bolsa K­riştianu Ronaldo 2 pö­kgi geçirdi (43 - pen­alti, 60).

"Lion" çärýek finalda­ iňlisleriň "Mançeste­r Sitisi" bilen duşuş­ar.

Jemi 36 pökgi geçiren­ Ronaldo düýnki duşuş­ykda möwsümdäki netij­elilik boýunça klub r­ekordyny täzeledi. On­dan öň bu rekord 1925­/26 möwsüminde 35 pök­gi geçiren wengriýaly­ hüjümçi Ferens Hirze­re degişlidi. Portuga­liýaly hüjümçi 130 pö­kgi bilen Çempionlar ­ligasynda hem rekord ­eýesidir. Bu görkezij­i boýunça Lionel Mess­i (114) ikinji ýerde ­durýar.

Portugaliýaly futbolç­y 2009/10 möwsüminden­ bäri ilkinji gezek Ç­empionlar ligasynyň ç­ärýek finalynda oýnam­az. Gyzykly ýeri, ol ­Ispaniýanyň “Real Mad­rid” topary bilen 200­9/10 möwsüminde hem “­Liondan” ýeňlipdi.

düýn 23:49
946

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......