«Barselona» Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynda «Bawariýa» bilen duşuşar

  • 09.08.2020 09:06
  • 10k+

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda «Bawariýa» öz «Alýans Arena» meýdançasynda londonyň «Çelsi» toparyny 4:1 hasabynda ýeňmegi başardy. «Bawariýanyň» düzüminde Lewandowskiý (10-nji min penalt., 83-nji min), Perişiç (24 min) we Tolisso (76 min) tapawutlanmagy başardy. «Çelsiniň» düzüminde bir pökgini Abraham (44 min) geçirmegi başardy.

Mýunheniň «Bawariýasy» iki duşuşygyň netijesi boýunça 7:1 hasap bilen üstün çykdy (1-nji duşuşygyň netijesi 3:0).
Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň jogap oýny şeýle hem «Kamp Nouda» «Barselona» bilen «Napoliniň» arasynda geçdi. Duşuşyk katalonlylaryň peýdasyna 3:1 hasap bilen tamamlandy. Gollaryň ählisi oýnuň birinji ýarymynda geçirildi. «Barselonanyň» düzüminde Langle (10), Messi (23) we Suares (penalt. 45) tapawutlandy. Birinji ýaryma goşulan goşmaça wagtyň 4-nji minutynda «Napoliniň» oýunçysy Insinýe penaltiden gol geçirdi.
Bu klublaryň birinji duşuşygy 1:1 hasabynda tamamlanypdy. Indi, katalon kluby 14-nji awgustda Lissabonda 1/4 final tapgyrynda «Bawariýa» bilen duşuşar. Täze düzgünlere laýyklykda, bu tapgyrda ýeňiji diňe bir duşuşygyň netijesi boýunça kesgitleniler.
Lissabona «sekizleriň finalyna» Hansi Flik bilen Kike Setýeniň toparlaryndan başga-da, Madridiň «Atletikosy», «Leýpsig», «PSŽ», «Lion», «Mançester Siti» we «Atalanta» gider.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
“Real” we "­Ýuwentus" ÇL-niň 1/4 ­finalynda oýnamaz

düýn 22:49
5.6k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 18:18
3.4k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

düýn 13:39
9.5k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 10:20
2.3k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....