Germaniýada uçarmansyz uçýan taksiler synag edildi

  • 05.08.2020 23:30
  • 14k+

Ilkinji uçarmansyz uçýan taksi Germaniýada synag edildi. Bu barada “Travel and Leisure” neşirine salgylanyp, Sputnik agentligi habar berdi.

“CityAirbus” diýlip atlandyrylýan bu uçýan taksi uzakdan dolandyrylýar we onda ýangyja derek elektrik energiýasyny ulanylýar. Taksi bir uçuşda 100 kilometre çenli aralygy geçmäge ukyply bolup, onuň iň ýokary tizligi sagatda 120 kilometrdir.
Sürüjisiz, has dogrusy uçarmansyz hereket edýän taksiniň bortuna dört ýolagçy münüp bilýär. Şeýle hem taksi dört perik (propeller) bilen enjamlaşdyrylan we olar sessiz diýen ýaly hereket edýärler.
Uçarmansyz uçýan şeýle taksiler bilen şäher içinde adamlary daşamak ýakyn wagtda başlap biler. Munda iň uzak uçuş 15 minutdan köp bolmaz diýip, işläp düzüjiler pikirlerini paýlaşýarlar.
Uçýan taksiniň ulanylyş möhleti häzirlikçe belli däl.

düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:53
4.9k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......