Disney kompaniýasy pandemiýa sebäpli filmleriniň premýerasyny soňa goýdy

  • 24.07.2020 23:38
  • 5.5k+

The Walt Disney korporasiýasy dünýädäki koronawirus pandemiýasy sebäpli “Mulan” hem-de beýleki kartinalaryň premýerasyny soňa goýdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň hünärmenleriniň filmi tomaşaçylara nähili görkezmeli diýen meseläni çözýändikleri habar berilýär. Ilkibaşda kinokartina şu ýylyň awgustynda çykar diýlip meýilleşdirilipdi. Indi bolsa premýera näbelli möhlet bilen soňa goýuldy diýip, “The Hollywood Reporter” neşiri ýazýar. Muny kp.ru ýetirýär.

Wagtlaýyn soňa goýlan kartinalaryň arasynda “Awatar 2” filminiň premýerasy hem bar. Kompaniýa filmiň çykyş möhletini 2021-nji ýylyň dekabryndan 2022-nji ýylyň şu aýyna geçirdi.
Ýeri gelende bellesek, “Ýyldyz söweşleri” (“Звездные войны”) kinosagasynyň hem dowamyny yza süýşürdiler. Indi täze bölüm 2023-nji ýylyň dekabryndan ir çykmaz. Kompaniýada bellenilişi ýaly, koronawirus pandemiýasy sebäpli kinoteatrlaryň ýapylmagy hem-de kinoönümçiligindäki togtamalar bilen bagly şeýle karara gelindi.
Disney bilen ugurdaş uly proýektleriň yza süýşürilýändigi barada Paramount kompaniýasynda hem habar berdiler. Bu ýagdaý režissýor Jon Krasinskiýniň “Ýuwaş ýer” (“Тихое место”) gorkunç filmine hem-de Tom Kruzly “Top Gan: Mewerik” uruşly filme degişli boldy. Bu kartinalaryň ikisi hem şu ýylyň ikinji ýarymynda çykmalydy, ýöne indi relizler degişlilikde 2021-nji ýylyň 23-nji aprelinde hem-de 2-nji iýulynda geçer.
“Möý adam: öýden uzakda” (“Человек-паук: вдали от дома”) filminiň premýerasy hem azyndan 2021-nji ýylyň dekabryna çenli süýşürildi. Öň bu kartinanyň prokada çykyşy 2021-nji ýylyň iýulyndan noýabryna geçirildi. Gürrüň hut amerikan premýerasy barada gidýär. Kartinanyň halkara prokada çykmagy sorag astynda diýip, “Variety” žurnaly ýazýar. Sony Pictures filmiň çykyş möhletini koronawirus pandemiýasy sebäpli üýtgetmek kararyna geldi.

düýn 19:28
1.7k+

Tom Holland täze Prada Paradigme erkekler parfýumynyň ýüzi boldy

Aktýor Tom Holland Prada Paradigme atly  erkekler üçin täze parfýumyň resmi ýüzi hökmünde saýlandy. Täze ys dünýä bazarynda duşenbe güni satuwa çykarylýar. Holland bu atyr bilen baglanyşykly beren interwýusynda parfýum saýlamakdaky garaýyşlaryny paýlaşdy: «Maňa sada zatlar ýaraýar» diýip, aktýor aýtdy...

30.07.2025 18:18
4.4k+

Nikol Kidman Clé de Peau Beauté kosmetika brendiniň ýüzi boldy

Shiseido kompaniýalar toparyna girýän Clé de Peau Beauté kosmetika brendi Nikol Kidmany markanyň täze global ilçisi hökmünde yglan etdi. Kompaniýanyň resmi beýanynda awstraliýa-amerikaly aktrisasynyň ekrandaky we durmuşdaky täsirli şahsyýeti, aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak meselesinde eýeleýän işjeň orny bilen tanalýandygy bellenildi...

28.07.2025 19:11
2.9k+

Freywille zergärlik brendi suratkeş Frida Kalonyň hormatyna şaý-sep kolleksiýasyny çykardy

Awstriýanyň Freywille zergärlik brendi meksikaly suratkeş Frida Kalonyň (1907-1954) döredijiliginden ylham alyp döredilen ¡Viva la Vida! şaý-sep kolleksiýasyny çykardy. Dizaýnerler Kalonyň dört suratyna ýüzlendi: “Maýmynlar bilen awtoportret”, “Men we totuguşlarym”, “Tikenekli monjuk we kolibri bilen awtoportret” hem-de kolleksiýa ady dakylan “Ýaşasyn durmuş...

13.07.2025 18:42
2.6k+

Dior we Lýuis Hemilton täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi

Dior moda öýi “Formula-1-iň” meşhur ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton bilen bilelikde täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi. Ol Marokkonyň, Senegalyň, Mozambigiň, Beniniň we Madagaskaryň medeniýetlerinden ylham alyp döredildi...