Disney kompaniýasy pandemiýa sebäpli filmleriniň premýerasyny soňa goýdy

  • 24.07.2020 23:38
  • 5.7k+

The Walt Disney korporasiýasy dünýädäki koronawirus pandemiýasy sebäpli “Mulan” hem-de beýleki kartinalaryň premýerasyny soňa goýdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň hünärmenleriniň filmi tomaşaçylara nähili görkezmeli diýen meseläni çözýändikleri habar berilýär. Ilkibaşda kinokartina şu ýylyň awgustynda çykar diýlip meýilleşdirilipdi. Indi bolsa premýera näbelli möhlet bilen soňa goýuldy diýip, “The Hollywood Reporter” neşiri ýazýar. Muny kp.ru ýetirýär.

Wagtlaýyn soňa goýlan kartinalaryň arasynda “Awatar 2” filminiň premýerasy hem bar. Kompaniýa filmiň çykyş möhletini 2021-nji ýylyň dekabryndan 2022-nji ýylyň şu aýyna geçirdi.
Ýeri gelende bellesek, “Ýyldyz söweşleri” (“Звездные войны”) kinosagasynyň hem dowamyny yza süýşürdiler. Indi täze bölüm 2023-nji ýylyň dekabryndan ir çykmaz. Kompaniýada bellenilişi ýaly, koronawirus pandemiýasy sebäpli kinoteatrlaryň ýapylmagy hem-de kinoönümçiligindäki togtamalar bilen bagly şeýle karara gelindi.
Disney bilen ugurdaş uly proýektleriň yza süýşürilýändigi barada Paramount kompaniýasynda hem habar berdiler. Bu ýagdaý režissýor Jon Krasinskiýniň “Ýuwaş ýer” (“Тихое место”) gorkunç filmine hem-de Tom Kruzly “Top Gan: Mewerik” uruşly filme degişli boldy. Bu kartinalaryň ikisi hem şu ýylyň ikinji ýarymynda çykmalydy, ýöne indi relizler degişlilikde 2021-nji ýylyň 23-nji aprelinde hem-de 2-nji iýulynda geçer.
“Möý adam: öýden uzakda” (“Человек-паук: вдали от дома”) filminiň premýerasy hem azyndan 2021-nji ýylyň dekabryna çenli süýşürildi. Öň bu kartinanyň prokada çykyşy 2021-nji ýylyň iýulyndan noýabryna geçirildi. Gürrüň hut amerikan premýerasy barada gidýär. Kartinanyň halkara prokada çykmagy sorag astynda diýip, “Variety” žurnaly ýazýar. Sony Pictures filmiň çykyş möhletini koronawirus pandemiýasy sebäpli üýtgetmek kararyna geldi.

şu gün 00:28
172

Zendeýa Louis Vuitton-yň mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy

Louis Vuitton özüniň meşhur monogrammasynyň 130 ýyllygyny Zendeýa we moda öýi bilen işleşýän beýleki ýyldyzlaryň gatnaşmagyndaky kampaniýa bilen baýram etmegini dowam edýär. WWD neşirinde habar berilşine görä, bu mowzukdaky mahabatlar üçin fotosuratlary düşürýän Glen Laçford, gysga göwrümli filmleriň awtory bolsa meşhur režissýor Roman Koppola...

düýn 19:41
1.5k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň türgenleri moda şowhunyny döretdiler

Halkara Olimpiýa komiteti Milandaky resmi myhman kabul ediş merkezi bolan «Clubhouse 26»-da «Olympic Winter Games Fashion Showcase» atly şowhunly moda çäresini geçirdi. Guramaçylyk komitetiniň saýtynda berilýän maglumata görä, bu çäre dünýäniň moda paýtagtynyň merkezinde gyşky sport stiliniň iň täsirli pursatlaryny bir ýere jemledi...

düýn 10:12
402

Versace markasynyň döredijilik müdiri belgiýaly dizaýner Piter Mülýe bolar

Versace moda öýüniň döredijilik müdiri wezipesine belgiýaly dizaýner Piter Mülýe bellenildi. Bu barada Prada Group yglan etdi. Şertnama 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girer diýip, Vogue neşiri habar berýär...

05.02.2026 20:20
1.7k+

Saint Laurent – dünýäniň iň meşhur moda brendi

Lyst platformasynyň bilermenleri tarapyndan 2025-nji ýylyň soňky çärýeginiň iň meşhur moda brendi saýlanyldy. Moda industriýasynda alyjylaryň hereketlerini öwrenmäge ýöriteleşen Lyst, geçen ýylyň soňky çärýeginde iň ýörgünli moda markasy hökmünde Saint Laurent-iň adyny tutdy...