Russiýa Türkmenistana COVID-19-y anyklamak üçin test-sistemalaryny berdi

  • 12.03.2020 18:39
  • 18k+

Türkmenistan koronawirusy anyklamak üçin Russiýadan test-sistemalaryny aldy, diýip ORIENT Ria Nowosti agentliginiň Rospotrebnadzoryň saýtyna salgylanyp berýän habaryny getirýär. Türkmenistandan başga-da, Rospotrebnadzor tarapyndan işlenip düzülen test-sistemalaryny Eýran, Azerbaýjan, Özbegistan, Täjigistan, Mongoliýa we KHDR aldy.
COVID-19 täze koronawirusyny barlaghana şertlerinde anyklamak üçin jemi 800-den gowrak test-sistemalary berildi. Olar hünärmenlere 80 müň sany barlag geçirmäge mümkinçilik berer.
Çylşyrymly epidemiologik ýagdaý ýüze çykan Eýrana aýratyn kömek berildi. «Täze koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy zerarly Eýran Yslam Respublikasynda epidemiologik ýagdaýyň has hem kynlaşmagy bilen Rospotrebnadzor 50 müň sany barlag üçin 500 möçberde test-sistemalaryny muzdsuz esasda berdi» - diýlip guramanyň habarynda bellenilýär.
Türkmenistanyň DIM-inde ýakynda geçirilen brifingde ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow Türkmenistanda koronawirus keseliniň ýekeje ýagdaýynyň hem ýüze çykarylmandygyny aýtdy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy koronawirusyň täze görnüşi zerarly ýüze çykan keseliň ýaýramagyny pandemiýa diýip yglan etdi. Soňky maglumatlara görä, bu ýokanç kesel dünýäniň 100-den gowrak döwletinde ýüze çykaryldy, 120 müňden gowrak adam keselledi.

09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....