«AnTuTu» ýanwaryň jemi boýunça kuwwatly smartfonlaryň reýtingini neşir etdi

  • 09.02.2020 21:35
  • 4.4k+

«AnTuTu» iň kuwwatly smartfonlaryň iki sany reýtingi taýýarlady. Olaryň birinde iň öndürijilikli flagmanlar, ikinjisinde kuwwatly ortaça arzan bahaly apparatlar atlandyryldy. Şeýlelikde, ýanwar aýy boýunça flagman modelleriniň arasynda 8 GB operatiw ýatly we Snapdragon 855 prosessorly Vivo iQOO Neo lider boldy.
Ikinji we üçünji orunda Vivo iQOO Pro 5G we Vivo NEX 3 5G modelleri ýerleşdi, sanawda OnePlus, ASUS, Realme, Honor, Oppo we Huawei hem bar.
Ýöne reýtingde Xiaomi kompaniýasynyň ýekeje smartfonunyň hem ýokdugyny belläp geçmeli, dekabryň jemi boýunça modeller sanawda bardy.
Ortaça arzan bahaly modeller barada gürrüň edilende, reýtingiň birinji ornuny Media Tek Dimensity 1000L 8 ýadroly prosessoryň binýadynda döredilen Oppo Reno 3 eýeledi. «AnTuTu-nyň» geçiren testlerinde smartfon 397 965 bal gazandy.
Ikinji orunda 326 851 bal gazanmak bilen Vivo X30 Pro (Samsung Exynos 980) ýerleşdi. Liderleriň üçlügini Snapdragon 765G-niň binýadyndaky Redmi K30 5G jemleýär. Apparat 322 927 bal gazandy. Gajetiň Pro-wersiýasy dördünji orny eýelemegi başardy.
Dörtden ona çenli orunlar şeýle paýlaşyldy:
- Oppo Reno3 Pro – 320 597 bal;
- Honor 9X Pro – 311 226 bal;
- Huawei nova 6 SE – 305 797 bal;
- Honor 20S – 303 197 bal;
- Redmi Note 8 Pro – 289 696 bal;
- Redmi K30 (4G-wersiýasy) – 275 323 bal;
- OPPO Reno2 – 267 809 bal.

düýn 10:51
805

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......