«AnTuTu» ýanwaryň jemi boýunça kuwwatly smartfonlaryň reýtingini neşir etdi

  • 09.02.2020 21:35
  • 4.2k+

«AnTuTu» iň kuwwatly smartfonlaryň iki sany reýtingi taýýarlady. Olaryň birinde iň öndürijilikli flagmanlar, ikinjisinde kuwwatly ortaça arzan bahaly apparatlar atlandyryldy. Şeýlelikde, ýanwar aýy boýunça flagman modelleriniň arasynda 8 GB operatiw ýatly we Snapdragon 855 prosessorly Vivo iQOO Neo lider boldy.
Ikinji we üçünji orunda Vivo iQOO Pro 5G we Vivo NEX 3 5G modelleri ýerleşdi, sanawda OnePlus, ASUS, Realme, Honor, Oppo we Huawei hem bar.
Ýöne reýtingde Xiaomi kompaniýasynyň ýekeje smartfonunyň hem ýokdugyny belläp geçmeli, dekabryň jemi boýunça modeller sanawda bardy.
Ortaça arzan bahaly modeller barada gürrüň edilende, reýtingiň birinji ornuny Media Tek Dimensity 1000L 8 ýadroly prosessoryň binýadynda döredilen Oppo Reno 3 eýeledi. «AnTuTu-nyň» geçiren testlerinde smartfon 397 965 bal gazandy.
Ikinji orunda 326 851 bal gazanmak bilen Vivo X30 Pro (Samsung Exynos 980) ýerleşdi. Liderleriň üçlügini Snapdragon 765G-niň binýadyndaky Redmi K30 5G jemleýär. Apparat 322 927 bal gazandy. Gajetiň Pro-wersiýasy dördünji orny eýelemegi başardy.
Dörtden ona çenli orunlar şeýle paýlaşyldy:
- Oppo Reno3 Pro – 320 597 bal;
- Honor 9X Pro – 311 226 bal;
- Huawei nova 6 SE – 305 797 bal;
- Honor 20S – 303 197 bal;
- Redmi Note 8 Pro – 289 696 bal;
- Redmi K30 (4G-wersiýasy) – 275 323 bal;
- OPPO Reno2 – 267 809 bal.

şu gün 15:42
1.3k+

Honda özbaşdak gonmagy başarýan ilkinji hususy uçarynyň nusgasyny görkezdi

Iki motorly Honda Elite II reaktiw uçary öz segmentinde Garmin-iň adatdan daşary awtomatik gonuş ulgamy üçin ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýa müdiriýetiniň sertifikatyny alan ilkinji uçar boldy. Bu barada Honda Aircraft kompaniýasy habar berýär...

şu gün 08:32
859

Google kompaniýasy Chrome brauzeri üçin üç sany täze funksiýany hödürledi

Google kompaniýasy Chrome brauzeriniň desktop görnüşiniň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin üç sany täze guralyň goşulýandygyny habar berdi. Olar ekrany bölmek režiminden, PDF faýllaryna bellikleri goşmak we olary göni bulut saklaýjysyna ýüklemek mümkinçiliklerinden ybaratdyr...

düýn 22:19
1.4k+

Google 2025-nji ýylda müňlerçe işläp düzüjini we millionlarça şübheli goşundyny bloklady

2025-nji ýylda Google kompaniýasy giň gerimli arassalaýyş işlerini geçirip, düzgünleri bozan 1,75 milliondan gowrak goşundynyň Play Store-a ýüklenmeginiň öňüni aldy we zyýanly goşundyny ýerleşdirmek islän 80 müňden gowrak işläp düzüjiniň akkauntyny ýok etdi...

düýn 21:38
2.1k+

Hytaýly alymlar simsiz aragatnaşygy rekord 400 Gbit/s çenli tizlige çykaryp bildiler

Pekin uniwersitetiniň alymlary Pençen barlaghanasy, Şanhaý tehnologiýa uniwersiteti we maglumat optoelektronika pudagynda Milli innowasiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlykda optiki süýümli we simsiz maglumat geçirijiligi birleşdirýän dünýäde ilkinji gibrid ulgamy işläp düzdi...