29-njy maýda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde taryhda ilkinji gezek iň uzyn nard boýunça dünýä çempionatyna badalga berildi. Bu abraýly bäsleşik Halkara nard federasiýasynyň howandarlygynda geçirilip, oňa dünýäniň takmynan 60 ýurdundan 500-e golaý oýunçy gatnaşýar.
Çempionatyň dabaraly açylyş dabarasy «Hualing Hotels & Preference» myhmanhanasynda boldy. Bu dünýä birinjiligi Gruziýanyň iň gysga nard boýunça Gran-pri bäsleşigi bilen bir wagtda guralýar.
Gatnaşyjylar nardyň 12 sany dürli ugrunda baş baýraklar ugrunda bäsleşerler. Ýaryşyň umumy baýrak gory 500 müň dollara deňdir.
Halkara nard federasiýasy (IBF) mundan iki ýyl ozal döredilip, oňa Umar Kremlew ýolbaşçylyk edýär. Onuň bellemegine görä, federasiýa diňe bir nardy däl, eýsem beýleki stolüsti oýunlaryny hem ösdürmegi maksat edinýär.
– Biziň wezipämiz diňe bir Halkara nard federasiýasyny ösdürmek däl, eýsem Halkara stolüsti oýunlarynyň assosiasiýasyny-da döretmekdir. Häzirki wagtda çagalar dowamly telefon oýnaýarlar, bu bolsa aň ösüşine ýaramaz täsir edýär. Eger biz çagalaryň arasynda stolüsti oýunlaryny ýaýratsak, olar has göwnejaý öserler. Biz guramamyzyň uly durmuş jogapkärçiligini öz üstüne almagyny isleýäris – Umar Kremlew halkara çäräniň ähmiýetini düşündirýar.