UFC-niň çempiony Dwalişwili Gruziýanyň iň ýokary döwlet baýragyna hödürlener

  • 18.09.2024 13:41
  • 14k+

Gruziýanyň premýer-ministri Irakliý Kobahidze UFC-niň iň ýeňil agramda çykyş edýän çempiony Merab Dwalişwiliniň ýurduň iň ýokary döwlet sylagyna hödürlenjekdigini yglan etdi. Bu karar gruzin söweşijisiniň titul söweşinde amerikaly pälwan Şon O’Melliden üstün çykandan soň kabul edildi diýip, agenda.ge portaly ýazýar.

Kobahidze eýýäm iki ýyl bäri UFC-de gruzin türgeniniň ýeňiji bolup gelýändigini  belläp geçdi, megerem, ol ýarym agram derejesinde promuoşeniň häzirki çempiony Ilýa Topuriýany we onuň Aleksandr Wolkanowskiden üstün çykmagyny göz öňünde tutan bolmaly.
Bu ýurtda sport ussatlygynyň ýokary derejä ýetendigine şaýatlyk edýär diýip, Dwalişwili belledi. Bu baýraga Mejlisiň spikeri Şalwa Papuaşwili bilen bilelikde Dwalişwilini hödürlemek kararyna gelendigini aýtdy.
Ýörite baýragyň ady tutulmasa-da, Gruziýanyň Milli Gahrymany ordeni göz öňünde tutulýan bolsa gerek. Bu baýrak raýatlara bitiren aýratyn hyzmatlary we döwletiň bähbidi üçin gahrymançylykly işleri üçin berilýär.
Merab Dwalişwili agram derejesine garamazdan, UFC-niň iň oňat söweşijileriniň täzelenen sanawyna hem girizildi. Täze reýtingde ol ýedinji orunda durýar. Reýtingiň lideri UFC-niň ýeňil agram derejesindäki çempiony Yslam Mahaçýow bolmagynda galýar.

UFC-niň top-10 reýtingi aşakdaky ýaly:

  1. Islam Mahaçýow, Russiýa.
  2. Aleks Pereýra, Braziliýa.
  3. Jon Jons, ABŞ.
  4. Iliýa Topuriýa, Gruziýa.
  5. Belal Muhammad, ABŞ.
  6. Drikus dýu Plessi, Günorta Afrika.
  7. Merab Dwalişwili, Gruziýa.
  8. Tom Aspinall, Beýik Britaniýa.
  9. Leon Edwards, Beýik Britaniýa.
  10. Aleksandr Wolkanowski, Awstraliýa.

07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......