Mamardaşwili “Liwerpula” geçdi we taryhda iň gymmat derwezebanlaryň ilkinji onlugyna girdi

  • 29.08.2024 18:03
  • 9.2k+

Gruziýaly derwezeban Georgiý Mamardaşwili futbol taryhynda iň gymmat derwezebanlaryň ilkinji onlugyna girdi. Angliýanyň “Liwerpul” kluby 23 ýaşly oýunçyny Ispaniýanyň “Walensiýasyndan” 30 mln ýewro satyn aldy diýip, Transfermarkt habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde Mamardaşwili häzirki möwsümi kärendesine hökmünde “Walensiýada” geçirer, ol “Liwerpula” indiki tomus goşular.
Gruziýaly derwezebanyň transferi germaniýaly derwezeban Manuel Noýeriň 2011-nji ýylda “Şalkeden” “Bawariýa” geçmegi bilen deňeşdirilýär, ol hem 30 mln ýewro satyn alnypdy.
Taryhda iň gymmat derwezeban transferi 2018-nji ýylda “Atletikadan” “Çelsä” 80 mln ýewro geçen ispaniýaly Kepe Arrisbalaga degişlidir.
Geçen möwsümde Mamardaşwili La Ligada “Walensiýa” üçin 37 oýna gatnaşyp, jemi 41 gol sypdyrdy. Onuň hasabynda Gruziýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 21 oýun hem bar, topar bilen bilelikde Ýewro-2024-üň pleý-offuna çykdy.


şu gün 13:40
867

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
5.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.6k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......