2025-nji ýylda zenanlaryň arasynda küşt boýunça Dünýä kubogy Gruziýada geçiriler

  • 26.08.2024 17:44
  • 2.1k+
2025-nji ýylda zenanlaryň arasynda küşt boýunça Dünýä kubogy Gruziýada geçiriler

Gruziýanyň Batumi şäheri 2025-nji ýylda zenanlaryň arasynda küşt boýunça Dünýä kubogynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlandy. Ýaryş 5-nji iýuldan 29-njy iýul aralygynda geçirilip, dürli ýurtlardan 103 küştçini jemlär.

RIA Nowostiniň maglumatlaryna görä, ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 676 müň dollardan gowrak, esasy baýrak bolsa 50 müň dollar bolar.
Dünýä kubogy nokaut ulgamy boýunça geçiriler. Oňa häzirki dünýä çempiony, 2023-nji ýylyň Dünýä kubogyndan iň gowy dört küştçi, ýetginjekleriň arasynda 2024-nji ýylyň dünýä çempiony, kontinental birinjiliklerde saýlanan 39 gatnaşyjy, 2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli ýagdaýa görä iň ýokary reýtingli bäş küştçi, şeýle-de 2024-nji ýylyň Bütindünýä küşt olimpiadasynyň zenanlar hasabatynyň jemi boýunça kesgitlenen 50 küştçi gatnaşar. Ýene iki gatnaşyjy FIDE-niň prezidenti, ýene biri ýaryşyň guramaçylyk komiteti tarapyndan bellener.
2023-nji ýylda Dünýä kubogy Bakuwda geçirildi. Ýeňiji finalda bolgariýaly Nurgül Salimowadan üstün çykan russiýaly Aleksandra Gorýaçkina boldy. Bürünç medaly ukrainaly Anna Muzyçuk aldy.


18.09.2024 13:41
13k+

UFC-niň çempiony Dwalişwili Gruziýanyň iň ýokary döwlet baýragyna hödürlener

Gruziýanyň premýer-ministri Irakliý Kobahidze UFC-niň iň ýeňil agramda çykyş edýän çempiony Merab Dwalişwiliniň ýurduň iň ýokary döwlet sylagyna hödürlenjekdigini yglan etdi. Bu karar gruzin söweşijisiniň titul...

29.08.2024 18:03
8.7k+

Mamardaşwili “Liwerpula” geçdi we taryhda iň gymmat derwezebanlaryň ilkinji onlugyna girdi

Gruziýaly derwezeban Georgiý Mamardaşwili futbol taryhynda iň gymmat derwezebanlaryň ilkinji onlugyna girdi. Angliýanyň “Liwerpul” kluby 23 ýaşly oýunçyny Ispaniýanyň “Walensiýasyndan” 30 mln ýewro satyn aldy diýip...

11.08.2024 23:48
7.9k+

Gruziýaly ştangaçy Laşa Talahadze Olimpiadada iň güýçli türgen diýlip ykrar edildi

Gruziýaly ştangaçy Laşa Talahadze super agyr agramda (109 kg-den ýokary) taryhda ilkinji bolup üç gezek Olimpiýa çempiony boldy. Pariždäki Oýunlarda ol yzygider üçünji gezek ýeňiji boldy we Olimpiadanyň iň güýçli...

21.07.2024 13:20
13k+

Transfermarkt: gruziýaly derwezeban Ýewro-2024-den soň iň gymmat derwezeban boldy

Ýewropa çempionaty – 2024-de täsirli çykyşdan soň, Gruziýanyň milli ýygyndysynyň we “Walensiýa” ispan klubunyň derwezebany Georgiý Mamardaşwiliniň transfer bahasy 10 mln ýewro gymmatlady. Häzirki wagtda Transfermarkt...