Mozilla Nova kod ady bilen atlandyrylan täze Firefox dizaýny bilen tanyşdyrdy

  • 23.05.2026 09:24
  • 865

Mozilla kompaniýasy Firefox brauzeriniň 2026-njy ýylda Nova kod ady bilen täzeden işlenen wersiýasyny aljakdygyny tassyklady. Ulanyjylar täze interfeýsi brauzeriň sazlamalary arkaly eýýäm synagdan geçirip bilerler.

Işläp düzüjiler ulanyjy tejribesini gowulandyrmaga we interfeýsi täzeden dizaýn etmäge ünsi jemleýärler. Firefox-yň täze wersiýasynda maglumatlary goraýan goşmaça gurallar, içerki VPN we täzelenen hususy režim peýda bolar.

Şeýle hem, Mozilla brauzeriň işini optimizirleýändigini we sahypanyň ýüklenişini çaltlaşdyrýandygyny yglan etdi. Ýene bir täze funksiýa bolsa brauzeriň daşky görnüşini öz islegiňe laýyklamak mümkinçiligidir.

Şeýle-de, Firefox dolandyryş elementlerini ykjam displeýde görkezýän režimi alar. Bu režim, esasan, kiçi ekranly enjamlar üçin niýetlenen we displeýde goşmaça giňişligi boşatmaga mümkinçilik berer.

Nova-nyň täzelenen dizaýny ähli platformalarda, şol sanda mobil enjamlarda elýeterli bolar. Bu bolsa enjamlarda yzygiderli ulanyjy tejribesini üpjün etmelidir.


10.06.2026 11:22
1.7k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

09.06.2026 23:04
2.7k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....