Warhorse studiýasy «Ýüzükleriň hökümdary» boýunça ägirt uly oýun taýýarlaýar

  • 21.05.2026 11:08
  • 1.3k+

Çehiýanyň Warhorse studiýasy «Ýüzükleriň hökümdary» älemine esaslanýan açyk dünýäli täze RPG oýnunyň, şeýle hem Kingdom Come seriýanyň nobatdaky böleginiň üstünde işlenilýändigini resmi taýdan tassyklady.

Oýun taýýarlaýjylar tarapyndan berlen maglumata görä, iki oýnuň hem üstünde işler eýýäm alnyp barylýar. Studiýa bu baradaky jikme-jiklikleri has soňra mälim etjekdigini belledi.

Mundan ozal Warhorse-yň wekilleri Indržihiň taryhynyň 2025-nji ýylda çykan «Kingdom Come» oýnunyň ikinji bölegi bilen tamamlanandygyny, bu tapgyryň geljekki täze taslamalarynyň bolsa başga gahrymanlara bagyşlanyp biljekdigini habar beripdiler. Ýöne taslamanyň dowamy barada häzirlikçe başga goşmaça maglumat ýok.

«Ýüzükleriň hökümdary» älemi boýunça täze RPG oýnunyň döredilýändigi baradaky gürrüňler soňky aýlarda internetde ýygy-ýygydan peýda bolupdy. Indi bolsa studiýa bu taslamanyň bardygyny resmi ýagdaýda tassyklady.

Şeýle hem, Warhorse studiýasynyň esaslandyryjysy we «Kingdom Come» oýnunyň awtory Daniel Wawra oýun taýýarlamak işlerinden biraz daşlaşyp, özüniň şu orta asyr taryhyny ekrana geçirmek işlerine ünsüni gönükdirendigi habar berilýär.

Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, «Ýüzükleriň hökümdary» älemi boýunça ýene bir oýny Tomb Raider tapgyry bilen meşhur bolan Crystal Dynamics studiýasy hem taýýarlaýan bolmagy mümkin.


düýn 07:46
1.1k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.4k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....