Honor smartfon üçin goşmaça ekran döretdi: ony aýryp, aýratyn göterip bolýar

  • 21.05.2026 11:13
  • 2.3k+

25-nji maýda Honor kompaniýasy Honor 600 hatarynyň hytaý wersiýasyny resmi taýdan hödürlär we ol, maglumatlara görä, smartfonyň global wersiýasyndan düýpli tapawutlanýar. Onuň esasy aýratynlyklarynyň biri bolsa smartfona magnit arkaly birikdirilýän hem-de ondan aýratynlykda hem işläp bilýän aýrylýan yzky ekran bolup biler.

Internet torunda bu ekranyň ilkinji suratlary peýda boldy. Fix Focus Digital insaýderiniň berýän maglumatlaryna görä, bu aksessuar magnitleriň kömegi bilen berkidilýär we bir wagtda birnäçe funksiýany ýerine ýetirýär. Ol kamerany dolandyryş pulty, surata düşürmek üçin goşmaça yşyklandyryş, fotosuratlary we beýleki maglumatlary görkezýän goşmaça displeý hökmünde işläp bilýär.

Daşky görnüşi boýunça bu aksessuar Honor logotipi we bezeg ýyldyzjyklary bolan tegelek korpus şekilinde bolup, ulaldylan Apple AirTag-y ýatladýar. Enjamyň USB-C porty we öçürip-ýakylýan düwmesi bolar, bu bolsa onuň smartfondan özbaşdak ýagdaýda işläp biljekdigini görkezýär.

Bu üýtgeşik «magnitli ekrandan» başga-da, smartfonyň Hytaý üçin niýetlenen görnüşinde has ulaldylan batareýalara garaşylýar: Honor 600 modelinde 8600 mA·s çenli we Honor 600 Pro modelinde bolsa 8000 mA·s töweregi bolar, bu bolsa global modelleriňkiden ep-esli köpdür.

Şol bir wagtda smartfonlaryň esasy gurluşy meňzeşligine galar: 120 Gs ýygylykly 6,57 dýuýmlyk AMOLED ekrany, kiçi modelde Snapdragon 7 Gen 4 çibi we Pro modelde bolsa Snapdragon 8 Gen 5 çibi ýerleşdiriler. Mundan başga-da, uly modelde 200 Mp esasy kamera we kämilleşdirilen teleobýektiw bolar.


düýn 23:04
1.9k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
2.9k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.8k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......