Nissan ABŞ-da iň çalt ösýän awtoulag brendine öwrüldi

  • 20.05.2026 15:10
  • 3.6k+

Nissan kompaniýasy 2025-nji maliýe ýylyny ABŞ-da köpçülikleýin awtoulag bazarynda iň çalt ösýän brend hökmünde tamamlady. Nissan-yň dilerlik merkezlerinde brendiň bölek satuwy 12 aý yzly-yzyna artdy.

2025-nji ýylyň 1-nji aprelinden 2026-njy ýylyň 31-nji martyna çenli döwürde Nissan kompaniýasynyň ABŞ-nyň bölek satuw bazaryndaky paýy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 19,6% artdy.

Dilerlik merkezleriniň üsti bilen satylýan awtoulaglaryň sany 43 müňden gowrak artdy.

Kompaniýa Amerikanyň bazarynyň Nissa-nyň global strategiýasynyň we Re:Nissan täzeden gurluş maksatnamasynyň esasy elementi bolmagynda galýandygyny belledi. Awtoulag öndürijisi 2030-njy maliýe ýylyna çenli ýyllyk 1 million awtoulag satuwyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

“Biz bölek satuwy, müşderilere hyzmat etmegiň hilini we brendiň güýjüni ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlemek barada oýlanşykly karary kabul etdik we bazar muňa jogap berýär” - diýip, Nissan kompaniýasynyň Demirgazyk we Günorta Amerikadaky edarasynyň başlygy Kristian Menýe aýtdy. “Gürrüň müşderileriň isleýän we dilerleriň buýsanç bilen satýan önümleri bilen brendi berkitmek barada barýar”.


düýn 12:31
1.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

12.06.2026 08:19
2.2k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

12.06.2026 01:38
6.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
11k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....