adidas Timoti Şalame, Ýamal, Bellingem we Messi bilen gysga metražly film çykardy

  • 09.05.2026 13:54
  • 5k+

adidas kompaniýasy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «Backyard Legends» atly gysga metražly filmini hödürledi.

Wideoda baş keşbi aktýor Timoti Şalame ýerine ýetirdi. Sýužet boýunça ol «Real Madridiň» ýyldyzy Jud Bellingemden, «Barselonanyň» ýaş zehini Lamin Ýamaldan we zenan futbolçy Triniti Rodmandan ybarat topary ýygnaýar. Olar ýeňliş diýen zady bilmeýän köçe toparyna garşy oýnamaly bolar.

Filmde Lionel Messi, Rafinýa, Pedri, Florian Wirs, Usman Dembele, Santýago Himenes we repçi Bad Bunny ýaly meşhur şahsyýetler hem epizodik keşplerde peýda bolýar. Mundan başga-da, wideoda Zinedin Zidanyň, Alessandro del Pýeronyň we Dewid Bekhemiň keşpleri bar.

Taslamanyň režissýory awstraliýaly Mark Molloý boldy.

«Öňler men bu ýigitler bilen bäsleşmegi arzuw ederdim. Bilýärsiňizmi, çagalygymda "Pirs 40" meýdançasynda oýnanymda Bekhemiň jerime urgulary, del Pýeronyň gollary we Zidanyň urgulary barada pikir edip, öz usulymda olary gaýtalardym. Men bu oýny örän gowy görýärin, şonuň üçin dünýäniň iň gowy netijelerini göz öňünde tutup döredilen adidas brendi bilen şeýle taslama gatnaşmak meniň üçin diýseň üýtgeşik» – diýip, Şalame gürrüň berdi.

DÇ-2026 11-nji iýun — 19-njy iýul aralygynda taryhda ilkinji gezek birbada üç ýurtda geçiriler.


19.06.2026 19:56
6.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 14:06
7.6k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....