Samsung Galaxy Watch6 huşdan gitmegi öňünden çaklamagy öwrendi

  • 12.05.2026 18:37
  • 1.4k+

Samsung kompaniýasy Galaxy Watch6 akylly sagatlarynyň wazowagal huşdan gitme ýagdaýyny (çaşmaklyk) bäş minut öňünden 84%-den gowrak takyklyk bilen çaklap bilýändigini habar berdi.

Barlag işleri Günorta Koreýanyň Çung-Ang uniwersitetiniň ýanyndaky Kwanmýon hassahanasy bilen bilelikde geçirildi. Synaglara 132 sany näsag gatnaşdy. Hünärmenler sagadyň fotopletizmografiki datçiginiň we emeli aň algoritmleriniň kömegi bilen ýürek ritminiň üýtgeýşini seljerdiler.

Wazowagal huşdan gitme ýagdaýy puls we gan basyşynyň birden peselmegi netijesinde ýüze çykýar, bu bolsa gysga wagtyň içinde huşuňy ýitirmäge eltip bilýär. Samsung-yň maglumatyna görä, ulgam şular ýaly ýagdaýlary 84,6% takyklyk bilen öňünden kesgitläp bildi. Modeliň duýgurlygy 90%-e, ýöriteleşmesi bolsa 64%-e deň boldy.

Barlagyň netijeleri European Heart Journal – Digital Health ylmy žurnalynda çap edildi.

Kompaniýa dakynylýan enjamlarda saglyk monitoringi funksiýalaryny kämilleşdirmegi dowam etdirjekdigini we sanly lukmançylyk hem-de öňüni alyş saglygy goraýyş bazarynda öz ornuny giňeltmekçi bolýandygyny mälim etdi.


23.05.2026 10:37
4.3k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

20.05.2026 22:45
2.1k+

Apple-iň EA tehnologiýalary maýyplyk arabasyny gözüň bilen dolandyrmaga mümkinçilik berer

Apple kompaniýasy öz önümlerinde elýeterlilik funksiýalarynyň has kämilleşendigini mälim etdi. Kompaniýa mümkinçiligi çäkli adamlaryň durmuşyny ep-esli ýeňilleşdirmäge we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge......

18.05.2026 01:22
2.7k+

Samsung kompaniýasynyň täzeligi: geljekki smartfonlar gologrammalary äýneksiz görkezip bilerler

Samsung smartfonlar üçin golografik displeý tehnologiýasy boýunça içerki barlaglary geçirýär, bu tehnologiýa ulanyjylara ýörite äýnekleri ulanmazdan, üç ölçegli suratlary görmäge mümkinçilik berer....