Casio «Ýyldyz söweşleriniň» stilinde täze sagatlaryny hödürledi

  • 14.05.2026 14:48
  • 2.3k+

Casio kompaniýasy «Ýyldyz söweşleri» äleminiň muşdaklary üçin täze sagatlar toplumyny hödürledi. Oňa G-Shock we Baby-G modelleriniň binýadynda döredilen iki model girdi. Sagatlar «Ýyldyz söweşleri» äleminiň «Mandalorly we Grogu» filminiň çykmagyna bagyşlandy.

Uly model bolan GM2100-1ASW eýýäm ABŞ-da 220 dollar bahasy bilen öňünden sargyt etmek üçin elýeterli. Bu model GM-2100 platformasyna esaslanýar, onuň dizaýny bolsa Beskar sowudyndan ylham alýar. Bezel poslamaýan polatdan bolup, çal reňk bilen örtüldi. Sagadyň korpusy «CasiOak» seriýasynyň sekizburçly görnüşini saklap galýar.

Modeliň ölçegleri 49,3 × 44,4 × 11,8 mm, agramy bolsa 72 gramdyr. Sagat suwdan we zarbadan gorkman, 200 metr (20 ATM) çuňluga çenli çümmäge mümkinçilik berýär. Sagadyň iki sany SR726W batareýasy, takmynan, üç ýyl işlemäge niýetlenendir.

Funksional taýdan sagat 31 sagat guşaklygynda dünýä wagtyny, 1/100 sekunt takyklygy bilen sekundomeri, taýmeri, bäş budilnigi we awtomatik senenamany hödürleýär. Siferblat we sanly displeý üçin goşa LED-yşyklandyryş göz öňünde tutuldy.

Sagadyň ýany bilen ýörite «Bounty Hunter ID» kartoçkasy berilýär, ol magnitli elementleriň kömegi bilen stol üstünde goýulýan gurala öwrülýär.

Personaž Groguwa bagyşlanan Baby-G dizaýnyndaky ikinji model — BA-110 üçin hem deslapky sargytlar açyldy. Onuň bahasy 130 dollara deň. Iki model hem franşiza bilen baglanyşykly filmiň reliziniň öňüsyrasynda satuwa çykar.


17.03.2026 18:15
2.7k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

şu gün 20:11
493

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

düýn 17:02
2.1k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.2k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......