YouTube-daky "surat içinde surat" režimi ähli ulanyjylar üçin mugt bolar

  • 01.05.2026 07:25
  • 1.1k+

YouTube wideoplatformasy resmi taýdan "surat içinde surat" görmek režimini ähli ulanyjylar üçin abuna ýazylmazdan elýeterli ederDegişli maglumat Google-yň websaýtynda çap edildi, onda bu täzelenmäniň programmany kiçeltmäge we telefonda beýleki hyzmatlar bilen işlenýärkä wideolary görmegi dowam etmäge mümkinçilik berjekdigi takyklandy.

Bu täzelik ýakyn aýlarda giň köpçülige elýeterli bolar.

Funksiýalaryň arasyndaky tapawudyň saklanyp galjakdygyny bellemek gerek: eger "surat içinde surat" režimi hemmä elýeterli bolsa, ekran öçürilen wagty fonda wideony açmak mümkinçiligi Premium abuna ýazylmagy talap eder.

Şol bir wagtyň özünde, YouTube hususy habarlaşmak funksiýasyny synagdan geçirip başlady we ony Ýewropanyň 31 ýurdundaky ulanyjylar üçin elýeterli etdi. Bu platformanyň içerki habarlaşmak hyzmatyny ornaşdyrmak boýunça ilkinji synanyşygy däl - şuňa meňzeş taslama 2017-nji ýylda işe girizilipdi, ýöne iki ýyldan soň ýapyldy. Indi hyzmat ulanyjylaryň arasyndaky göni aragatnaşyk mehanizmlerini synagdan geçirmäge gaýdyp gelýär.


düýn 10:19
1.2k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......

19.05.2026 21:42
4.4k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......

18.05.2026 09:36
1.4k+

YouTube Shorts wideolaryna smart-telewizorlarda 2 mlrd sagat tomaşa edildi

YouTube ulanyjylary her aýda telewizorlarda dikligine düşürilen gysga Shorts wideolaryna 2 milliard sagatdan gowrak wagt tomaşa edýär. Aslynda, şeýle format ilkibaşda smartfonlar üçin döredilipdi....

22.04.2026 16:50
904

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......