Bergini beren ýeňer, ýöne... Psiholog bergi üzeniň düşýän düşnüksiz ýagdaýy hakynda

  • 05.05.2026 23:07
  • 7.8k+

Bergili bolmagy hiç kim hem islemeýär. Çünki bergi adamyň howuny peseldip, öz içinde dowamly alada, beýlekileriň öňünde bolsa utanç duýgusyny döredýär. Şeýlelikde negözel durmuşyň lezzeti-de kemelýär. Emma bergi doly üzülenden soňky ýagdaý hem o diýen hezil däl ýaly...

Bu barada psiholog Maksim Sotnik «sb.by» neşirine beren interwýusynda aýratyn düşündirýär.

Onuň sözlerine görä, bergiden dynmak duýgusy bilen bir hatarda, adamyň kalbynda boşluk peýda bolýar. «Garaşylyşy ýaly, bergi üzülenden soňra erkinlik we ýeňillik duýgusy gelýär, emma paradoks hem şunda: uzak wagtlap adamyň durmuşy diňe bir maksadyň – bergiden dynmagyň töwereginde guraldy.

Indi bolsa şol basyş aýryldy welin, adamyň ýol görkezijileri-de ýitdi. Onda öz-özünden «Indi näme etmeli?» diýen sowal döreýär hem-de ozal üns bermedik agyr ýadawlyga üstüni basdyrýar» diýip, psiholog belleýär.

Bergiň gutarmagy diňe bir maliýe meselesiniň çözülmegi däl-de, eýsem, täze bir tapgyryň başlangyjydyr. Bu jogapkärli döwürde adam özüne bolan garaýşyny täzelemeli we bolan ýagdaýlardan dogry netije çykarmaly. Ýagny, oňa, ilkinji nobatda, bergililik sebäpli bozulan ynamlary dikeltmek we indi bergä çümmez ýaly täze maliýe endiklerini edinmek gerek.

Adam şeýdip, ýuwaş-ýuwaşdan öz öňki gyzyklanmalaryna we meýilnamalaryna dolanmaly.

Psihologyň aýtmagyna görä, bergi meselesinden akylly-başly çykan adamlar durmuşda has durnukly bolýarlar. Çünki bu kynçylyk olar üçin uly durmuş tejribesine we täze ösüş nokadyna öwrülýär. Sebäbi bergi üzmek – bu hekaýatyň soňy däl-de, täze we has gowy durmuşyň başlangyjydyr.


30.05.2026 07:40
3.5k+

50 ýyllyk gözegçilikler ýekebara ene-atalaryň bagtlylyk we durmuşdan kanagatlanma derejesini görkezdi

Ýekebara ene-atalar ortaça durmuşdan kanagatlanma derejesiniň är-aýal jübütlerine garanyňda pesdigini, ýöne güýçli sosial goldaw bolan ýagdaýynda, olar çagasyz ýalňyz adamlar bilen deňeşdireniňde, özlerini......

29.05.2026 11:53
3.7k+

Bagyşlamak beýnini agyryly ýatlamalary "redaktirlemäge" mejbur edýär

"Bagyşlamak we unutmak" diýen meşhur jümle hakykaty görkezmeýär – bu iň bolmanda ylmy nukdaýnazardan şeýle. Amerikaly neýrobiologlaryň Emotion ylmy žurnalynda çap edilen täze barlagy kimdir birini......

26.05.2026 19:25
2.4k+

Ululardan tötänleýin eşiden gürrüňleri çaganyň bilesigelijiligine täsir edýär

Çagalar tebigaty boýunça örän bilesigeliji bolýarlar, ýöne ýaşyň ulalmagy bilen olar bir zada düşünmänlerinde dymmagy saýlap alýarlar. Child Development atly abraýly ylmy žurnalda çap edilen täze halkara......

26.05.2026 06:07
2.5k+

«Collider» neşiri soňky 20 ýylyň iň gowy psihologik triller filmlerini saýlady

«Collider» neşiri soňky 20 ýylyň dowamynda ekrana çykan iň gowy 10 sany psihologik trilleriň reýtingini neşir etdi. Sanawyň birinji ornuny režissýor Kristofer Nolanyň «Başlangyç» (Inception, 2010) filmi......