Uçuda tarap ädim: Londonda Benksiniň goly çekilen täze heýkel peýda boldy

  • 30.04.2026 19:50
  • 2.6k+

29-njy aprelde Londonyň taryhy merkezindäki Waterloo meýdançasynda täze bir heýkel peýda boldy. Onuň sütüninde dünýä belli anonim köçe suratkeşi Benksiniň goly goýlupdyr.

Sungat eserinde balak-penjekli bir adam şekillendirilýär. Onuň elindäki pasyrdaýan baýdagy kellesiniň üstüne düşüp, gahrymanyň ýüzüni bütinleý ýapýar we oňa «ýüzsüz» häsiýeti berýär. Nätanyş şahsyýet sütüniniň gyrasyndan öňe ädim ädýär. Bu görnüş, onuň öňüni görmeýändigi sebäpli, edil häzir gorpa gaçjak ýaly täsir galdyrýar.

Suratkeş entek bu işi özüniň sosial ulgamlarynda resmi taýdan tassyklamady. Emma eseriň syýasy satirasy we jemgyýete gönükdirilen göni habary bada-bat Benksiniň özboluşly döredijilik stilini ýadyňa salýar.

Bu täze eser şol töwerekdäki döwlet we harby işgärleriniň adaty, dabaraly ýadygärliklerine garşy goýlan özboluşly bir tankyt ýalydyr.

Gyzykly heýkel Reuters agentliginiň Benksiniň hakyky ady baradaky derňewinden kän wagt geçmänkä peýda boldy. Žurnalistleriň çaklamasyna görä, «Benksi» lakamynyň aňrysynda Robin Ganningem durýar. Maglumatlara görä, ol 2000-nji ýyllaryň ahyrynda anonimligini gorap saklamak üçin adyny we familiýasyny Britaniýada iň köp duş gelýän atlaryň biri bolan Dewid Jons adyna üýtgedipdir.


04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....