π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

  • 13.05.2026 23:18
  • 1.6k+

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär. Munuň özi geljekde ähli işe ukyply «uniwersal robotlary» döretmekde uly ädimdir.

Öňki robot ulgamlary hökman belli bir işi (meselem, diňe gap-gaç ýuwmak) etmek üçin programmalanypdy. π0.7modeli bolsa umumylaşdyrmak ukybyna eýedir.

Robot öňden bilýän ukyplaryny birleşdirýär. Täze we tanyş bolmadyk ýagdaýlarda şol ukyplary ulanmagy başarýar.

Geçirilen synaglaryň birinde robot öň hiç wagt ulanmadyk enjamy – fritýurnisany (ýagda bişiriji) ulanmagy başardy. Robotuň gorunda bu enjam bilen işlemek boýunça bary-ýogy iki sany mysal bardy. Muňa garamazdan, robot ädimme-ädim görkezmeleri yzarlap, tagamly kartoşka bişirmegi başardy.

– Model ukyplaryny birleşdirip başlan dessine, onuň mümkinçilikleri maglumatlaryň mukdaryndan has çalt ösüp başlaýar – diýip, kompaniýany esaslandyryjy professor Sergeý Lewin düşündirýär.

Elbetde, şeýle netijelere garamazdan, robotlaryň supermen däldiklerinem unutmak bolmaz. Bu robot hem has çylşyrymly işleri ýerine ýetirmek üçin entek ädimme-ädim görkezmelere mätäç.

Kompaniýa eýýäm 1 milliard dollardan gowrak maýa goýum çekdi we häzirki wagtda 5,6 milliard dollar töweregi bahalandyrylýar.

Bu tehnologiýanyň haçan satuwa çykaryljakdygy entek anyk däl.


şu gün 08:02
1.1k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
909

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.5k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......