Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

  • 13.05.2026 23:22
  • 1.7k+

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär.

Şeýle çözgüt, brendiň häzirki zaman gymmatlyklaryny özünde jemleýän we gözellik senagatynyň geljegini kesgitläp biljek artistler bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan islegini görkezýär.

Chanel-iň atyrlar we gözellik boýunça global döredijilik serişdeleriniň ýolbaşçysy Tomas de Pre de Sen-Mor, akýoryň karýerasyna, aýratyn-da onuň «Eýforiýa» serialyndaky işinden başlap, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ünsli yzarlandygyny belledi.Brendiň sosial ulgamlarynda Elordi barada şeýle aýdylýar: «Islendik çäklendirmelerde täze gözýetimleri görýän we öz geljegini kesgitlemek üçin şu gününe garşy çykyp bilýän erkek».

Ýatlap geçsek, uzak wagtlap Bleu de Chanel-iň ýüzi 2022-nji ýylda pajygaly ýagdaýda aradan çykan akýor Gaspar Ulýel bolupdy, ondan soň bolsa bu atyry Timote Şalame tanyşdyrypdy. Jeýkob Elordi mundan ozal Margo Robbi bilen bilelikde Chanel №5 atyrynyň promo-suratlandyrmalaryna gatnaşan hem bolsa, brendiň resmi ilçisi statusyny diňe häzir aldy.


düýn 08:33
3.1k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.6k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

17.06.2026 11:29
4.8k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....