Samsung Galaxy Z Fold 7 we Z Flip 7 bejerlenden soň täzesinden gymmat satylýar

  • 07.05.2026 11:18
  • 2.4k+

Samsung kompaniýasy özüniň Re-Newed (täzelenen) maksatnamasyny resmi taýdan giňeltdi. Indi bu maksatnama dikeldilen Galaxy Z Fold 7 we Z Flip 7 modelleri hem girizildi.

Enjamlaryň "ulanylan" statusyna garamazdan, häzirki wagtda bazardaky ýagdaý gaýtadan dikeldilen enjamy satyn almagyň täze enjamdan has gymmada düşmegine sebäp boldy.

Samsung Re-Newed maksatnamasyndaky bahalaryň başlangyç bahalardan pesdigini aýtsa-da, olar täze modeller üçin resmi saýtda hödürlenýän häzirki arzanladyşlary hasaba almaýar.

Satuwa çykan pursatyndaky we Re-Newed maksatnamasyndaky bahalaryň deňeşdirmesi:

  • Galaxy Z Fold 7 (256 GB): Täzesiniň başlangyç bahasy $2000 / Dikeldilen bahasy $1700
  • Galaxy Z Fold 7 (512 GB): Täzesiniň başlangyç bahasy $2200 / Dikeldilen bahasy $1750
  • Galaxy Z Fold 7 (1 TB): Täzesiniň başlangyç bahasy $2500 / Dikeldilen bahasy $1880
  • Galaxy Z Flip 7 (256 GB): Täzesiniň başlangyç bahasy $1100 / Dikeldilen bahasy $940
  • Galaxy Z Flip 7 (512 GB): Täzesiniň başlangyç bahasy $1300 / Dikeldilen bahasy $990

Häzirki wagtda täze enjamlar esasy konfigurasiýalarda has arzan durýar: täze Z Fold 7 (256 GB) modelini 1600 dollara, Z Flip 7 modelini bolsa 900 dollara satyn alyp bolýar. Şunlukda, Re-Newed maksatnamasynyň çäginde satyn almak, modele baglylykda 40–100 dollar aralygynda has bähbitsiz bolup çykýar.

Muňa garamazdan, Samsung şeýle enjamlaryň ýokary hiline kepil geçýär. Re-Newed smartfonlarynyň ählisi kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan 100% original ätiýaçlyk şaýlaryny ulanmak bilen doly tehniki hyzmatdan geçirilýär.

Satuw toplumyna täze sertifikasirlenen batareýa we öndürijiden bir ýyllyk kepillik girýär. Bu bolsa resmi taýdan dikeldilen enjamy saýlamak üçin esasy delil bolup hyzmat edýär.a


23.05.2026 10:37
4.3k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

18.05.2026 01:22
2.7k+

Samsung kompaniýasynyň täzeligi: geljekki smartfonlar gologrammalary äýneksiz görkezip bilerler

Samsung smartfonlar üçin golografik displeý tehnologiýasy boýunça içerki barlaglary geçirýär, bu tehnologiýa ulanyjylara ýörite äýnekleri ulanmazdan, üç ölçegli suratlary görmäge mümkinçilik berer....

15.05.2026 15:33
1.6k+

Samsung smartfonlarynda push-mahabatlary akylly usulda bloklaýan ulgam ornaşdyryldy

Samsung kompaniýasy Device Care goşundysyny täzeledi we oňa push-bildirişlerindäki spam hem-de mahabatlar bilen awtomatiki göreşmek üçin niýetlenen "Intelligent Blocking" funksiýasyny goşdy....