Spotify hyzmatyň 20 ýyllyk taryhynda iň meşhur aýdymçylaryň we albomlaryň sanawyny çap etdi

  • 27.04.2026 09:14
  • 1.7k+

Spotify striming hyzmaty özüniň ýigrimi ýyllygynyň şanyna  platformanyň taryhyndaky iň meşhur artistleriň, aýdymlaryň, albomlaryň, podkastlaryň we audiokitaplaryň global reýtingini çap etdi.

Kompaniýa programmanyň abonentleriniň sanynyň häzirki wagtda 290 million adama ýetendigini belledi.

Hasabatda: "Iki onýyllyk geçensoň, Spotify  bir duran ýerinde durmak bilen çäklenmän, eýsem islegleriň kartasyny hem görkezýär" diýilýär.

Hyzmatyň taryhyndaky iň meşhur 20 artist:

  1. Teýlor Swift
  2. Bad Bunny
  3. Drake
  4. The Weeknd
  5. Ariana Grande
  6. Ed Şiran
  7. Jastin Biber
  8. Billi Aýliş
  9. Eminem
  10. Kanye West
  11. Trewis Skott
  12. BTS
  13. Трэвис Скотт
  14. Post Malone
  15. Bruno Mars
  16. Jeý Balwin
  17. Rianna
  18. Coldplay
  19. Kendrik Lamar
  20. Future
  21. Juice WRLD

Puerto-rikoly aýdymçy Bad Bunny-niň Un Verano Sin Ti albomlaryň arasynda birinji orny eýeledi. Taryhy reýtingde birinji orny eýelän beýleki albomlar "Starboy" we "After Hours" (The Weeknd), "Deluxe" (Ed Şiran), "Sour" (Oliwiýa Rodrigo) we "SOS" (SZA) boldy.

The Weeknd toparynyň "Blinding Lights" aýdymy strimingiň taryhynda iň köp diňlenýän aýdym adyny saklaýar. Ondan soň Ed Şiranyň "Shape of You", The Neighbourhood toparynyň "Sweater Weather", The Weeknd we Daft Punk toparynyň "Starboy" we Harry Staýlzyň "As It Was" aýdymlary gelýär.

Podkast böleginde Jo Roganyň "The Joe Rogan Experience"-i birinji orny eýeledi. Şeýle hem, ilkinji bäşlige "Gemischtes Hack" nemes komediýa şüweleňi, "Crime Junkie" tru-kraým taslamasy, "Armchair Expert with Dax Shepard" we "Last Podcast On The Left" girdi.


08.06.2026 16:29
3.9k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

06.06.2026 14:40
2.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 07:56
2.3k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....

04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......