Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň indiki mejlisi Tokioda geçiriler

  • şu gün 09:37
  • 273

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň iýul aýynda Aşgabat şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeleri geçirmek teklip edilýär. Bu çäre Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýyl «Expo – 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna we «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Ýaponiýa amala aşyran iş saparlarynyň dowamynda gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň dekabrynda Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň nobatdaky 16-njy mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär we bu ugurda taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Komitetiň soňky mejlisi 2024-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilipdi.


şu gün 10:02
515

Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda täze önümçilik işe giriziler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Hökümet mejlisiniň dowamynda ýurduň dokma senagaty pudagyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi....

şu gün 09:30
627

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegine garaşylýar

24-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa – Ýuwaş umman sebiti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we diplomatik wekilçilikleriň gerimini giňeltmek üçin alnyp barylýan......

şu gün 09:25
643

Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna sapary meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda türkmen-koreý gatnaşyklary we bu ugurda alnyp barylýan işler......

şu gün 09:22
738

Hytaýyň daşary işler ministri Wan I sapar bilen Türkmenistana geler

Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň ähmiýetli hyzmatdaşy bolmagynda galýar we iki ýurduň gatnaşyklarynda ýokary derejedäki saparlar hem-de gepleşikler esasy orun eýeleýär. 24-nji aprelde geçirilen......