Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna sapary meýilleşdirilýär

  • şu gün 09:25
  • 551

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda türkmen-koreý gatnaşyklary we bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda Seul şäherinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda döwlet Baştutanynyň bu sammite gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna meýilleşdirilýän saparyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu taryhy saparyň çäklerinde Türkmen-koreý işewürler duşuşygyny, medeni çäreleri, milli amaly-haşam sungatynyň we türkmen halysynyň sergisini guramak teklip edilýär.

Şeýle-de, döwlet Baştutanynyň saparynyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär.

Häzirki wagtda Koreýa Respublikasynyň Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd., Koreya Meditech Co. Ltd., Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd., Hyundai Corporation ýaly iri kompaniýalary bilen himiýa senagaty, gämi gurluşygy we saglygy goraýyş ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. 


şu gün 10:02
377

Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda täze önümçilik işe giriziler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Hökümet mejlisiniň dowamynda ýurduň dokma senagaty pudagyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi....

şu gün 09:37
234

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň indiki mejlisi Tokioda geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada......

şu gün 09:30
456

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegine garaşylýar

24-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa – Ýuwaş umman sebiti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we diplomatik wekilçilikleriň gerimini giňeltmek üçin alnyp barylýan......

şu gün 09:22
635

Hytaýyň daşary işler ministri Wan I sapar bilen Türkmenistana geler

Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň ähmiýetli hyzmatdaşy bolmagynda galýar we iki ýurduň gatnaşyklarynda ýokary derejedäki saparlar hem-de gepleşikler esasy orun eýeleýär. 24-nji aprelde geçirilen......